Pluton Gün ulgamy üçin howanyň düýbünden täze görnüşine eýe. Muny bilmäge James Uebb kömek etdi

  • 18.06.2025 14:34
  • 5k+

James Uebb kosmos teleskopy (JWST) astronomlara ýene bir möhüm açyşy etmäge kömek etdi, ýagny ol alymlara Plutonyň adaty bolmadyk howa ulgamyny açmaga mümkinçilik berdi. Gözegçilikler planetanyň üstündäki belentlikdäki dumanyň onuň ekstremal howa şertlerine işjeň täsir edýändigini görkezdi. Bu Plutony Gün ulgamyndaky obýektleriň arasynda özboluşly edýär.

Täze maglumatlar Nature Astronomy žurnalynda çap edildi.
300 km-den gowrak belentlikdäki köp gatly mawy duman ilkinji gezek 2015-nji ýylda New Horizons zondy arkaly ýüze çykaryldy. Indi JWST infragyzyl gurallaryň kömegi bilen onuň gündizine Gün energiýasyny özüne siňdirýän we gijelerine ony infragyzyl ýylylyk görnüşinde şöhlelendirýän kiçijik organiki bölejiklerden ybaratdygyny görkezdi.

"Bu düýbünden täze bir howa" diýip, barlag işine ýolbaşçylyk eden, Pariž obserwatoriýasyndan Tangi Bertran düşündirdi. Onuň sözlerine görä, şeýle "sowadyjy täsir" atmosferanyň ýokarky gatlaklarynyň temperaturasyny 30° C-den –203° C çenli peseldýär, munuň özi öňki modelleriň çak edişinden has pesdir.

Ondan öň teoriýany barlamaga Plutonyň hemrasy Haronyň şöhlesi päsgelçilik döredipdi. Emma James Uebbiň güýji ilkinji gezek iki obýektden gelýän signallary aýrybaşgalamaga mümkinçilik berdi. Seljerme dumanyň infragyzyl şöhlesiniň hasaplamalara laýyk gelýändigini tassyklady.

"Planetalar ylmynda gipotezalaryň çalt – bary-ýogy birnäçe ýylda tassyk bolýan wagty gaty seýrek " – diýip, Kaliforniýa uniwersitetinden Si Çžan belledi.

Barlagçylar şuňa meňzeş prosesler beýleki obýektlerde hem bolup biler diýip hasaplaýarlar. Bu açyş Ýeriň irki howasyny öwrenmekde hem peýdaly bolup biler.


17.06.2026 11:18
1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

14.06.2026 16:13
6k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

11.06.2026 10:55
1.8k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....