Günde iň ýokary derejeli alawlama bolup geçdi

  • 18.06.2025 13:56
  • 7k+

18-nji iýunda Günde iň ýokary X derejeli kuwwatly alawlama bolup geçdi. Bu barada Gün işjeňligine gözegçilik merkezine salgylanyp, TASS habar berýär.

X1.3 derejeli alawlama soňky üç hepdede şeýle derejeli ilkinji alawlama boldy.
Amaly geofizika institutynyň maglumatlaryna görä, alawlama Aşgabat wagty bilen 02:49-da bolup geçdi, onuň güýji X1.2-ä ýetdi, dowamlylygy bolsa 16 minut boldy.
Gün alawlamalary rentgen şöhleleriniň güýjüne baglylykda bäş synpa bölünýär: A, B, C, M we X. Iň pesi bolan A0.0 Ýeriň orbitasynda bir inedördül metrde 10 nanowatt şöhlelenme güýjüne deňdir. Indiki harpa geçende kuwwat 10 esse artýar.
Alawlamar Gün plazmasynyň zyňyndylary bilen bilelikde bolup geçýär, onuň bulutlary Ýere ýeten ýagdaýynda magnit tupanlary döräp bilýär. 


22.03.2026 16:34
4.1k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.4k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

16.03.2026 16:46
8.1k+

Tebigat Ýer şarynyň badyny gowşadýar: gije-gündiziň dowamlylygy uzalýar

Howanyň üýtgemegi Ýeriň aýlanma tizligine täsir edýär we gije-gündiziň dowamlylygynyň artmagyna getirýär. Şeýle netijäni Wena uniwersitetiniň we Sýurih tehnologik institutynyň alymlary öňe sürýär. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda gije-gündiz her ýüz ýylda, takmynan, 1,33 millisekunt uzalýar...

09.03.2026 14:06
12k+

Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi...