Indoneziýadaky wulkanyň kül sütüni 10 kilometr beýiklige ýetdi

  • 18.06.2025 13:57
  • 7k+

Indoneziýada Lewotobi Laki-laki wulkany atylyp başlandy diýip, SindoNews neşiri habar berýär. Ýerli wulkanologiýa merkeziniň maglumatlaryna görä, kül sütüni dagyň çür depesinden 10 müň metre göterildi.

Wulkana gözegçilik nokadynyň işgärleri ýerli ýaşaýjylara we syýahatçylara wulkanyň golaýynda bolmagyň howpludygyny duýdurdy. Käbir ýerlerde kül zyňyndylarynyň netijesi 5 kilometre ýetip biler.
Lewotobi wulkany Indoneziýanyň Flores adasynyň günorta-gündogar böleginde ýerleşýär. Ol iki depeden ybarat: Laki-Laki we Perempuan.

2023-nji ýylda Lewotobi Laki-lakiniň atylmagy on adamyň pidasyna getirdi diýip, BBC belleýär. Lawa akymlary dört kilometr radiusda birnäçe obany weýran etdi. Şol wagt golaýdaky ilatly nokatlardan 6,5 müň adam ewakuasiýa edildi.
Indoneziýa Ýuwaş umman otly halkasynyň – seýsmiki işjeňligiň ýokary bolan zolagyna girýär. Bu ýerde ýertitremeler we wulkanlaryň atylmagy yzygiderli bolup geçýär. Ýurduň çäginde 328 işjeň wulkan bar.


18.04.2024 17:57
13k+

Indoneziýanyň adalarynyň birinde Ruang wulkany atyldy

17-nji aprelde Indoneziýada Demirgazyk Sulawesi welaýatynyň Tagulandang adasynda ýerleşýän Ruang wulkanynyň güýçli atylmasy bolup geçdi diýip, ýerli metbugata salgylanýan The New York Times ýazýar. Ýerli wagt bilen...

23.11.2022 08:52
33k+

Serdar Berdimuhamedow Indoneziýanyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Joko Widodo Indoneziýanyň Ýawa adasynda bolup geçen, adam pidalaryna hem-de köp sanly şikes ýetmelerine getiren ýertitremesi...

22.11.2022 16:39
21k+

Indoneziýada bolup geçen ýer titremäniň pidalarynyň sany 268-e ýetdi

21-nji noýabrda Indoneziýada bolup geçen 5,1 magnitudaly ýer titremäniň pidalarynyň sany 268-e ýetdi. Bu barada Indoneziýanyň tebigy betbagtçylyklara garşy göreşmek boýunça milli agentligi habar berýär. Maglumatlara...

20.06.2025 22:51
4.3k+

16 mlrd login we parol internete syzdyryldy. Bu taryhda iň uly syzyş

Internete Google, Apple, Facebook akkauntlaryndan we dünýädäki beýleki meşhur platformalardan 16 milliard login we parol syzdy. Bu barada Forbes habar berip, muny taryhda iň uly maglumat syzmasy diýip atlandyrýar...