WhatsApp sözünde durmady: messenjerde ilkinji gezek mahabat peýda bolar

  • 18.06.2025 10:07
  • 3.7k+

WhatsApp messenjerinde 2009-njy ýylda esaslandyrylandan bäri ilkinji gezek mahabat peýda bolar. Täzelik barada Meta korporasiýasyna degişli bolan messenjeriň blogunda habar berilýär.

Kompaniýa “Statuslary” we “Kanallary” öz içine alýan “Ýörgünli” bölüminde üç sany täze funksiýanyň peýda boljakdygyny anons etdi. Bellenilişi ýaly, bu bölümi 1,5 mlrd adam ulanýar.
Täzelikleriň arasynda – kanallara tölegli ýazylyşyk, katalogda kanallary mahabatlandyrmak, şeýle-de 24 sagadyň içinde elýeterli bolan statuslaryň arasynda mahabatlaryň görkezilmegi bar.
Işläp düzüjiler mahabaty görkezmek üçin çäkli maglumatlaryň: ulanyjynyň ýurdunyň ýa-da şäheriniň, interfeýs diliniň, kanallara ýazylyşygyň, şeýle-de ulanyjynyň mahabata nähili garaýandygy baradaky maglumatlaryň ulanyljakdygyny belleýär.
Täze funksiýalar şahsy jaňlara, hatlara we toparlara täsir etmez. Kompaniýa messenjeri diňe ýakynlary bilen aragatnaşyk saklamak üçin ulanýan adamlar üçin üýtgeşmeleriň bolmajakdygyny belledi.
Täze funksiýalaryň işe giriziljek senesi heniz aýdylmaýar. Diňe olaryň “tiz wagtdan” peýda boljakdygy görkezilýär.
WhatsApp dünýäde iň meşhur messenjerdir. Her gün ony bir milliarddan gowrak adam ulanýar. Messenjeri esaslandyryjylar Ýan Kum we Braýan Ekton messenjeriň işläp başlan ilkinji ýyllarynda onda hiç haçan mahabatyň bolmajakdygyny ençeme gezek nygtapdy. Haçan-da 2014-nji ýylda Facebook WhatsApp-y satyn alanda, kompaniýa döredijileriň messenjerde mahabatdan ýüz öwürmek syýasatyny dowam etdirmäge wada berdi. Kum we Ekton 2018-nji ýylda WhatsApp-y terk etdi.


23.05.2026 16:18
3.7k+

Sukerberg Meta-da 8 müň işgäri işden çykarýar

Meta kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg, takmynan, 8 müň işgäriň işden çykaryljagyny mälim etdi, bu bolsa kompaniýanyň bütin dünýädäki umumy işgärler sanynyň 10%-ine barabar. Bu çözgüt kompaniýanyň......

09.05.2026 00:32
11k+

Ronaldu we Messi Instagram-da millionlarça agzasyny ýitirdi

Meta kompaniýasy tarapyndan görlen berk çäreler Kriştianu Ronaldu, Lionel Messi we Kilian Mbappe ýaly futbol ýyldyzlarynyň sosial ulgamlarda esli agzasyny ýitirmegine getirdi....

08.05.2026 11:11
3.4k+

Iri neşirýatlar kitap ogrusy hökmünde Mark Sukerbergi kazyýete berdiler

Dünýäniň iň uly bäş neşirýaty (Elsevier, Cengage, Hachette, Macmillan we McGraw Hill) we tanymal ýazyjy Skott Turou Meta-ny kazyýete berdi. Olar Mark Sukerbergi we onuň kompaniýasyny «Llama» atly emeli......

05.05.2026 15:24
978

Instagram-y döredijiler pursatlary paýlaşmak üçin täze goşundy döretdiler

Instagram-a we Facebook-a eýelik edýän Meta kompaniýasy diňe bir gezeklik görlüp, soň bolsa öçýän suratlar arkaly habarlaşmak üçin niýetlenen täze Instants goşundysyny tanyşdyrdy....