Dinozawrlar Ýeri dolandyrýar: “Ýura eýýamynyň dünýäsi: Galkynyş” filminiň tizer-treýleri çykdy

  • 17.06.2025 19:22
  • 4.1k+

Universal Pictures “Ýura eýýamynyň dünýäsi: Galkynyş” (Мир Юрского периода: Возрождение) filminiň täze tizer-treýlerini hödürledi. Wideo “Dinozawrlar Ýeri dolandyrýar” ady bilen çykdy. Filmiň premýerasy 2025-nji ýylyň 2-nji iýulyna meýilleşdirilýär.

Waka geçenki filmiň – “Ýura eýýamynyň dünýäsi: Agalygyň” (Мир Юрского периода: Господство) finalyndan bäş ýyl soň bolup geçýär. Sýužet boýunça dinozawrlar täze şertlerde ýaşaýyş üçin göreşýär.
Ylmy gözlegçileriň topary taryhdan öňki üç ägirt jandaryň DNT-sini almak üçin uzakdaky ekwatorial sebitlere ugraýar. Maksat lukmançylykda adamzadyň geljegine täsir edip biljek öňegidişligi gazanmakdan ybarat.
Filmde baş keşpleri Skarlett Ýohansson, Maherşala Ali we Jonatan Beýli ýerine ýetirdi. Şeýle-de, aktýorlar düzümine Rupert Frend, Manuel Garsiýa-Rulfo, Luna Bleýz we beýlekiler girdi.
Filmiň režissýory bolup Garet Edwards çykyş etdi. Ol ozal 2014-nji ýylyň “Godzilla” we 2016-njy ýylyň “Ýyldyz söweşleri” filmleriniň üstünde işledi.


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......