Nissan işe ukyplylygyny saklamak üçin Renault-daky paýyny azaldýar

  • 17.06.2025 19:27
  • 1.6k+

Nissan-yň baş direktory Iwan Espinoza kompaniýanyň Renault fransuz awtoöndürijisindäki paýyny azaltmagy meýilleşdirýändigini aýtdy.

Mart aýynda Nissan we Renault biri-birinde eýeçilik edýän paýlarynyň talap edilýän iň az möçberini 15%-den 10%-e çenli azaltmak barada ylalaşdy. Şertnama görä, paýnamalaryň islendik satuwy hyzmatdaş bilen ylalaşylmaly we üçünji tarapa satylmazdan ozal, hyzmatdaşa teklip edilmeli. Hyzmatdaş bu paýnamalary özi satyn alyp bilýär ýa-da resmi taýdan ýüz öwrüp bilýär.
Nissan Renault-yň paýnamalarynyň 5%-ini satmagy meýilleşdirýär, bu häzirki paý bahalary boýunça, takmynan, 100 mln ýena (takmynan, 640 mln dollar) almaga mümkinçilik berer. Bu serişdeler çylşyrymly ykdysady ýagdaýlarda täze awtomobilleri işläp taýýarlamaga gönükdiriler. LSEG-iň maglumatlaryna görä, häzir Nissan Renault-yň paýnamalarynyň 15%-ine eýeçilik edýär.
Nissan-yň meýilnamalary baradaky habar Renault ýolbaşçysy Luka de Meonyň kompaniýadan gidýändigini habar berenden tiz wagtdan soň peýda boldy. Bu onuň awtomobil pudagyndan daşary işler bilen meşgullanmak islegi bilen baglanyşykly boldy.

“Biz ulag serişdelerine maýa goýmak üçin biri-birimizde paýnamalara eýeçiligimizi azaldýarys” – diýip, Nissan-yň baş direktory Iwan Espinoza belledi.


08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.7k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6.3k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....

31.05.2026 16:54
4.8k+

Nissan boýaýjy sehleriň galyndylaryny ulanmagyň usulyny tapdy: galyndyny ses izolirleýjä öwürýär

Nissan kompaniýasy Takayama Group bilen hyzmatdaşlykda boýag önümçiliginiň galyndylaryny gurluşyk senagaty üçin ses izolirleýji materiallara gaýtadan işlemäge başlady....