“Aždarhany nädip eldekileşdirmeli” kinoremeýki prokatyň başynda $200 mln töweregi ýygnady

  • 17.06.2025 19:31
  • 4.1k+

“Aždarhany nädip eldekileşdirmeli” (Как приручить дракона) multfilminiň oýun remeýki dünýä prokatyna 198 mln dollar kassa ýygymy bilen başlady. Bu barada Variety ýazýar.

Ilkinji dynç günleri kassa ýygymy garaşylandan ýokary boldy. ABŞ-da 70 mln dollar möçberde girdeji çaklanypdy, ýöne film 83 mln dollar gazandy. Beýleki ýurtlar filme ýene 114 mln dollar getirdi.
Rotten Tomatoes saýtynda fentezi komediýasy tankytçylardan 77% we tomaşaçylardan 98% oňyn ses aldy.
Neşiriň maglumatlaryna görä, filmiň býujeti 150 mln dollar boldy, Universal studiýasy marketing üçin ýene 100 mln dollar sarp etdi. Kompaniýa eýýäm filmiň dowamyny anons etdi we ol 2027-nji ýyla meýilleşdirilýär.
Geçen dynç günleri ABŞ-da Dakota Jonson, Kris Ewans we Pedro Paskal bilen “Materialistler” melodramasy hem prokata üstünlikli başlady. Film 12 mln dollar ýygnap, içerki bazarda A24 studiýasynyň üçünji üstünlikli premýerasy boldy. Beýleki ýurtlarda film ýene 3 mln dollar gazandy.
“Lilo we Stiç” filmi üç hepde prokatyň dowamynda kassa ýygymyny 850 mln dollara ýetirdi. Prokatyň ahyryna çenli ahyrky ýygymyň milliarda ýetmegine we filmiň 2025-nji ýylda bu görkezijiden geçen ilkinji film bolmagyna garaşylýar.
“Missiýa ýerine ýetirmesiz: Ahyrky hasaplaşyk” (Миссия невыполнима: Финальная расплата) 500 mln dollar ýygnady. Tom Kruzyň gatnaşmagyndaky franşiza, çaklamalara görä, 400 mln dollarlyk býujeti ödemän biler.
“Jon Uigiň” spin-offy – Ana de Armas bilen “Balerina” filmi 91,5 mln dollar gazandy. Analitikler bu netijäni ortaça diýip hasaplaýar, çünki distribýutorlaryň goldawy bolmazdan film 90 mln dollarlyk býujetiň öwezini dolup bilmezdi. 


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.5k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......