Hytaýda gök reňkli 131 santimetrlik Labubu gurjagy 1,08 mln ýuana satyldy

  • 13.06.2025 10:40
  • 4.5k+

Hytaýda geçirilen ýazky “Ýunle” onlaýn auksionynda boýy 131 sm bolan gök plastik Labubu gurjagy 1,08 mln ýuana (takmynan, $150 müň) satyldy. Bu gurjak heýkeliniň şu görnüşde ýeke-täk nusgasydyr diýip, “Keçuanban žibao” neşiri ýazýar.

Şeýle-de, auksionda boýy 160 sm bolan goňur reňkli Labubu 820 müň ýuana ($114 müň) satyldy. Şeýle modelden bary-ýogy 15 sanysy bar. Mundan başga-da, seýrek ýa-da çäkli möçberde çykarylan beýleki oýnawaçlar satyldy.
“Ýunle” auksion öýi 2005-nji ýylda esaslandyryldy. Ol häzirkizaman sungat eserlerine, Hytaý žiwopisine we kalligrafiýasyna, şeýle-de keramika we zergärlik önümlerine ýöriteleşýär.
Labubu gurjagyny gonkongly dizaýner we ýazyjy Lun Szýaşen oýlap tapdy. Ol 2015-nji ýylda The Monsters hekaýalaryny çap edip başlady, olaryň gahrymanlary hem bu jandarlar boldy. 2019-njy ýylda ol Hytaýyň Pop Mart kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy we kompaniýa eserleriň esasynda heýkelleri çykaryp başlady.
Labubu personažy derrew meşhur boldy. Häzirki günde bu oýnawajyň dürli reňklerde, şekillerde we ululykda 300-den gowrak görnüşi bar.


düýn 11:17
3.8k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

düýn 10:28
1k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.4k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
10k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....