Google Chrome täzelenmeleri käbir köne iPhone we iPad modelleri üçin elýeterli bolmaz

  • 13.06.2025 10:38
  • 1.4k+

Meşhur Google Chrome brauzeri indi köne Apple enjamlarynda täzelenmez. MacRumors portalynyň habar bermegine görä, bu birnäçe iPhone we iPad modellerine degişli bolar.

Deslapky maglumatlara görä, geljekki Chrome wersiýalary aşakdaky enjamlary goldamaz:

  • iPhone X;
  • iPhone 8;
  • iPhone 8 Plus;
  • 5-nji nesil iPad;
  • Birinji nesil 9,7 dýuýmlyk iPad Pro;
  • Birinji nesil 12,9 dýuýmlyk iPad Pro.

Bu üýtgeşmeleriň sebäbi, brauzeriň täze wersiýalarynyň iOS 17 we iPadOS 17 operasion ulgamlaryny talap etmegidir. 2017-nji ýylda çykan smartfonlar bu operasion ulgama çenli täzelenip bilmeýär. Sanawda görkezilen planşet modelleri hem köne hasaplanýar.
Chrome-yň bu enjamlara goldawy bes etjek täzelenmesiniň çykjak senesi heniz anyk belli däl. Häzirki wagtda 138.7204.13 wersiýasy TestFlight arkaly beta synagdan geçirilýär. Giňişleýin maglumat soň mälim ediler.


11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......