“Bawariýa” adidas-dan täze öý eşigini görkezdi

  • 13.06.2025 10:14
  • 4.7k+

Mýunheniň “Bawariýasy” 2025/2026 möwsümi üçin täze öý eşigini hödürledi. Klubuň tehniki hemaýatkäri bolup Germaniýanyň adidas kompaniýasy çykyş edýär.

Täze eşik toplumy adaty gyzyl-ak reňklerde ýerine ýetirildi, ýöne onda “M” harpyny emele getirýän özboluşly “glitç” effekti bar. Bu Mýunhen şäherine we klubuň “Mia San Mia” şygaryna (“Biz – bu biz” ýa-da “Biz kim bolsak, şol” ýaly terjime edilýär) salgylanmadyr. Bu şygar köýnekçäniň ýakasynyň yzky böleginde ýerleşdirildi.
Köýnekçe adidas-yň “Tiro” şablony boýunça aýlaw ýakaly we ýeňi ak manžetli ýerine ýetirildi. Adidas-yň üç zolagy eginde ýerleşdirildi. Klub tugrasyna geçen ýylky bir reňkli wersiýadan soň ähli reňkler gaýdyp geldi.
Eşik toplumy adidas-dan HEAT.RDY tehnologiýasy bilen üpjün edildi. Bu materialyň howany gowy geçirmegine we gurulygy saklamagyna mümkinçilik berýär, laýyk biçüw bolsa oýun wagty oýunçylar üçin rahatlygy üpjün edýär.
“Bawariýa” ilkinji gezek täze eşikde 15-nji iýunda Klublaýyn dünýä çempionatynyň “Oklend Siti” amerikan toparyna garşy oýnunda meýdança çykar. Toplumda bu ýaryşda klub üçin soňky oýunlaryny oýnajak Tomas Mýulleriň hormatyna aýratyn ýazgy göz öňünde tutuldy.
Şeýle-de, toparlaýyn tapgyrda Mýunhen kluby Argentinanyň “Boka Huniors” (21-nji iýun) we Portugaliýanyň “Benfika” (24-nji iýun) toparlary bilen oýnar.
“Bawariýa” Germaniýanyň 34 çempionlygy we 20 kubogy hem-de UEFA-nyň Çempionlar ligasynda alty ýeňiş bilen taryhda iň köp titully nemes klubudyr. 2013-nji ýylda topar Klublaýyn dünýä çempionatynda ýeňiji bolan ilkinji nemes kluby boldy. 


şu gün 14:15
4.6k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

düýn 15:15
11k+

Dünýä çempionatyndaky ilkinji oýnundan öň Angliýanyň milli ýygyndysynyň goşlary ogurlandy

Angliýanyň milli ýygyndysy ABŞ-da geçiriljek dünýä çempionatynyň başlanmagynyň öňüsyrasynda sport lybaslarynyň we enjamlarynyň ogurlanmagy bilen ýüzbe-ýüz boldy. Britaniýanyň «Daily Mail» gazetiniň ýazmagyna......

13.06.2026 17:07
12k+

Ertir Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrlaryndaky iň gyzykly oýny boljakdyr!

Ertir 23-nji gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň gyzykly oýny bolar. Gürrüň Braziliýa bilen Marokkanyň arasynda geçiriljek duşuşyk hakynda barýar. Geliň, bu netijäni......

13.06.2026 16:24
7.4k+

DÇ-niň 2-nji gününiň jemleri: ilkinji deňlik, ilkinji awtogol we ilkinji uly hasaply ýeňiş

Futbol boýunça Dünýä çempionatynda ikinji oýun gününiň duşuşyklary tamamlandy. Janköýerler bu gezek turniriň ilkinji deňme-deň netijesini, ilkinji awtogola we toparlaryň biriniň uly hasaply ýeňşine şaýat......