Huawei üýtgeşik kameraly Pura 80 Ultra flagmanyny hödürledi

  • 12.06.2025 22:38
  • 6.8k+

Huawei resmi taýdan Pura 80 flagman smartfon hataryny hödürledi. Oňa Pura 80, 80 Pro, 80 Pro+ we Pura 80 Ultra modelleri girdi.

Tanyşdyrylyş dabarasynda esasy täzelik iki dürli periskopik obýektiw bilen işläp bilýän bir sensora eýe bolan Ultra modeli boldy. Obýektiwleriň biri 3,7 esse, ikinjisi 9,4 esse ýakynlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Başgaça aýdylanda, smartfonda dürli obýektiwli iki aýry kameranyň deregine iki obýektiwiň arasynda üýtgäp bilýän bir sensor ulanylýar.
Smartfonlaryň ählisi 3000 kd/m² çenli ýagtylyk, HDR goldawy we 1-den 120 Gs çenli täzelenme ýygylygy bilen OLED displeýlerine eýe boldy. Esasy modeliň ekrany 6,6 dýuýma, beýlekileriňki 6,8 dýuýma barabar.
Modelleriň ählisiniň esasy kamerasy RYYB reňk süzgüji bilen bir dýuýmlyk sensory ulanýar. Kompaniýanyň nygtamagyna görä, ol suraty öňki hatar bilen deňeşdirilende 200% has netijeli işleýär. Pura 80 Ultra-da üç çeşmeden maglumatlary birleşdirip, suratyň hilini has ýokarlandyrýan TCG ulgamy we 16EV dinamiki diapazony ulanylýar.


Smartfonlar Android programmalarynyň goldawy bolmazdan, Harmony OS NEXT (5.1 wersiýasy) operasion ulgamynda işleýär. Akkumulýator sygymy 5600-5700 mA/sag bolup, ol çalt zarýad alşy goldaýar: simli 100 Wt çenli we simsiz 80 Wt çenli. Şeýle-de, ikitaraplaýyn hemra aragatnaşygynyň bardygy bellenilýär.
Bahalar:

  • ·Pura 80 Pro – 6499 ýuandan başlaýar ($904);
  • ·Pura 80 Pro+ – 7999 ýuandan ($1100);
  • ·Pura 80 Ultra – 9999 ýuandan ($1391).

Modelleriň tiz wagtdan Hytaýdan daşary hem çykmagyna garaşylýar.


15.02.2026 09:14
3.1k+

26-njy fewralda Madridde Huawei Mate 80 Pro-nyň dünýä tanyşdyrylyşy geçiriler

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi bolan Huawei täze "Mate 80 Pro" seriýasynyň halkara bazaryndaky tanyşdyrylyşynyň 2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda boljakdygyny tassyklady. Resmi çäre Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde geçiriler...

16.01.2026 08:10
3.9k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...

31.12.2025 08:10
3.6k+

Huawei Mate 80 Hytaýda uly meşhurlyga eýe boldy: 23 günde 1,2 milliondan gowrak smartfon satyldy

Huawei Mate 80 smartfonlar seriýasy Hytaýyň içerki bazarynda hakyky meşhurlyk gazandy. Bu seriýanyň umumy satuwy takmynan 1,235 million birlige ýetdi. Bu bolsa Huawei kompaniýasynyň satuwa başlan ilkinji 23 gününiň dowamynda ortaça günde 50 müňden gowrak smartfon satandygyny aňladýar...

29.12.2025 00:24
3.4k+

Huawei-iň HarmonyOS ulanyjylarynyň sany 27 milliona ýetdi

Huawei kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen HarmonyOS operasion ulgamynyň altynjy wersiýasy şu ýylyň oktýabr aýynda çykdy we eýýäm 27 milliondan gowrak ulanyjy toplady. Bu barada Hytaýyň tehnologiýa ägirdiniň statistikasyna salgylanýan South China Morning Post gazeti habar berýär...