Apple-yň WWDC 2025 tanyşdyrylyşy soňky 10 ýylda iň gysgasy boldy

  • 12.06.2025 12:35
  • 4.8k+

Apple-iň WWDC 2025 konferensiýasyndaky tanyşdyrylyşy 92 minut dowam etdi – bu soňky on ýylda iň gysga tanyşdyrylyş diýlip, kompaniýanyň resmi YouTube kanalynda habar berilýär.

2015-nji ýyldan 2019-njy ýyl aralygynda tanyşdyrylyşyň dowamlylygy 140 – 145 minut boldy.
2020-nji ýyldan başlap, Apple onlaýn görnüşe geçenden soň, onuň dowamlylygy gysgalyp başlady. Geçen ýyllar ol 107 – 126 minut boldy, ortaça görkeziji – 120 minut. 2025-nji ýyldaky taýming bolsa on ýylyň dowamynda iň azy boldy.
Tanyşdyrylyşyň çäklerinde kompaniýa ähli esasy platformalar üçin täzelenme hödürledi: iOS, iPadOS, macOS, watchOS, tvOS we visionOS. Wagtyň köp bölegi – 38 minut töweregi iOS-a gönükdirildi. tvOS täzelenmesi 5 minutdan az wagt aldy.
Şeýle-de, Apple operasion ulgamlaryň wersiýalarynyň işjeň ulanylyş ýylyna laýyklykda bir umumy belgilenmä geçýändigini habar berdi. 2025-nji ýylda ähli platformalar 26 belgili wersiýany aldy.
Şeýle-de, kompaniýa interfeýsiň täze dizaýnyny hödürledi – Liquid Glass (“suwuk aýna”). Ol ähli ulgamlar üçin birmeňzeş bolar.
Esasy üns emeli aň funksiýalaryna gönükdirildi. Ulanyjylar we işläp düzüjiler üçin täze mümkinçilikleri açýan Vision Intelligence tehnologiýasyna aýratyn üns berildi.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...