“Lilo we Stiç” remeýki kassa ýygymynda 770 million dollardan gowrak girdeji gazandy

  • 11.06.2025 12:47
  • 4.8k+

Disney-iň “Lilo we Stiç” multfilminiň oýun remeýki dünýä boýunça kassa ýygymynda 772,5 million dollar toplady. Film 2025-nji ýylda girdejisi 1 milliard dollardan geçen ilkinji film bolup biler.

Demirgazyk Amerikada film 335,8 million dollar, halkara bazarlarynda bolsa 436,8 million dollar girdeji gazandy. Şol bir wagtyň özünde, filmiň önümçilik býujetiniň bary-ýogy 100 million dollar bolandygyny bellemelidiris.
Sýužet Gawaýlarda ýaşaýan bir gyzjagaz we onuň  gaýry planetaly jandar bilen dostlugy baradaky hekaýata esaslanýar.
Remeýkiň režissýory Din Fleýşer-Kemp (“Marsel, aýakgapdaky balykgulak” (“Марсель, ракушка в ботинках”)). Filmde keşpleri Kris Sanders (Stiç), Maýa Kealoha (Lilo), Sidni Agudong (Nani), Zak Galifianakis, Billi Magnussen, Kortni B. Wens we başgalar ýerine ýetirdi.


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.5k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......