“Missiýa ýerine ýetirmesiz: Ahyrky hasaplaşyk” $450 mln ýygnady, ýöne özüni ödemek üçin heniz kän gerek

  • 10.06.2025 21:41
  • 6.6k+

“Missiýa ýerine ýetirmesiz: Ahyrky hasaplaşyk” (Миссия невыполнима: Финальная расплата) filmi prokatyň iki uikendiniň dowamynda 450 mln dollar ýygnady. Bu barada Variety neşiri habar berýär.

Kassa ýygymlarynyň üçden biri ($149 mln) amerikan bazarynyň paýyna düşdi, bu ýerde film “Lilo we Stiç” remeýki bilen bir hatarda prokatda öňdebaryjy bolmagynda galýar.
Şol bir wagtyň özünde, Tom Kruzyň baş keşbi ýerine ýetirmegindäki blokbasteriň býujeti 300-400 mln dollara barabar. Bu mukdar marketing we 2022-nji ýylda başlanan uzak möhletli surata düşüriş üçin çykdajylary öz içine alýar. Önümçiligiň gijikdirilmegi Golliwuddaky iş taşlaýyş bilen baglanyşykly boldy.
Insaýderleriň maglumatlaryna görä, çykdajylary ödemek üçin taslama azyndan 900 mln dollar ýygnamaly.
Franşizanyň sekizinji bölüminde Itan Hant “Esas” emeli aňyny ýok etmäge synanyşýar. Tom Kruzyň täze filmleri düşürmäge taýýardygyna garamazdan, döredijiler munuň ahyrky bölümdigini nygtaýar.
Geçen hepde aktýor Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Ol filmiň düşürilişinde iň gowy dubly almak üçin ýakylan paraşýut bilen 16 gezek bökdi. Şeýle-de, Kruzyň her bir bölümi prokatda 100 mln dollardan gowrak ýygnan dowamly kinoseriýa gatnaşygy boýunça rekordy hasaba alyndy. 


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.5k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......