Xiaomi wena damarlaryny skanirleýän akylly gapy gulpuny hödürledi

  • 10.06.2025 15:29
  • 3.8k+

Xiaomi Hytaýda täze «Smart Door Lock 2 Vein Recognition» atly akylly gapy gulpuny hödürledi. Bu enjam dürli datçikler bilen enjamlaşdyrylan, olaryň arasynda wena (gan damary) skaneri hem bar.

Täze gulpda emeli aň ulgamy bar we ol dokuz gulp açyş usulyny goldaýar:

  • mehaniki açar;
  • hemişelik sanly parol;
  • bir gezeklik parol;
  • döwürleýin parol;
  • Bluetooth arkaly smartfon bilen;
  • NFC karta;
  • NFC-si bolan Xiaomi enjamlar bilen;
  • emeli aňly barmak yzy skaneri;
  • wenalary tanamak.

Enjamdaky neýrotor (emeli aň ulgamy) iş wagty türgenleşýär, bu bolsa barmak yzynyň tanalmagyny tizleşdirýär. Ýalňyş tanamak mümkinçiligi 0,0001%-den hem pes diýlip görkezilýär.
Wenalary tanamak ulgamy barmaklaryň damarlaryndaky nagyşlary ýakyn infragyzyl şöhle bilen seljerýär. Öndürijiniň aýtmagyna görä, bu usul deriniň ýagdaýyna bagly däldigi sebäpli, barmak yzlaryndan has tiz we ygtybarlydyr.
Gulp 2 MP kameraly sanly seredilýän deşik bilen enjamlaşdyrylan. Şekil içki tutawaja ýerleşdirilen displeýde görkezilýär. Gapy ýapylanda gulpy awtomatiki ýapmak funksiýasy hem bar.
Gulpyň özünde 5000 mA·sag sygymly batareýa bar (4 aýlap özbaşdak işläp bilýär), şeýle-de goşmaça 4 sany AA batareýa (6 aýlap) ätiýajy bar. Gyssagly ýagdaýlarda USB-C porty arkaly güýç berip bolýar.
Gulpy Wi-Fi arkaly Mi Home ekoulgamyna integrasiýa edip bolýar. Uzakdan gözegçilik we bildiriş almak mümkinçiligi bar. Enjam azyndan 150 müň gezek açyp-ýapmak üçin niýetlenendir. Işleýän temperaturasy: −10°C-den +55°C-e çenli. Ölçegi: 399×76 mm, agramy – takmynan, 3,86 kg.
Enjamyň bahasy 1699 ýuan (takmynan, 236 dollar).


03.03.2026 06:09
11k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasyny iPhone-nyň we Xiaomi-niň kameralary bilen deňeşdirdiler

Internetde Samsung kompaniýasynyň täze flagman smartfony bolan Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezýän deňeşdirme suratlary peýda bolup başlady. Hususan-da, bir meňzeş sahnanyň birbada birnäçe enjamda, ýagny Samsung Galaxy S26 Ultra, Xiaomi 17 Ultra, Samsung Galaxy S25 Ultra, iPhone 17 Pro Max, Vivo X300 Pro we Oppo Find X9 Pro smartfonlarynda düşürilen suratlary çap edildi...

27.02.2026 19:13
2.5k+

Xiaomi ýanyň bilen göterip bolýan kir ýuwujy enjamyny çykardy

Hytaýyň Xiaomi kompaniýasy özüniň içerki bazarynda Mijia Mini Washer atly kiçijik kir ýuwujy maşynyny hödürledi. Bu model az mukdardaky kirleri ýuwmak üçin niýetlenenligi we tygşytlylygy bilen tapawutlanýar. Enjam bir gezeklik işinde bary-ýogy 0,08 kilowatt-sagat elektrik energiýasyny sarp edýär we 1,2 kilogram eşik ýüklemäge mümkinçilik berýär...

27.02.2026 16:38
2.4k+

Xiaomi Tag trekeri ýiten zatlary tapyp berýär

Xiaomi kompaniýasy zatlaryň ýerini anyklamak üçin niýetlenen täze enjamy — Xiaomi Tag trekerini hödürledi. Bu enjam açar ýa-da torba ýaly özüne berkidilen zatlary aňsatlyk bilen tapmak üçin niýetlenendir. Enjamyň işleýiş ýörelgesi beýleki trekerler ýaly standart usulda...

14.02.2026 14:21
1k+

Xiaomi 4,7 milliard parametrli Robotics-0 bilen robot tehnikasy älemine aralaşyp başlady

Xiaomi kompaniýasy robototehnika pudagy üçin niýetlenen, açyk kodly ilkinji iri göwrümli modelini — Xiaomi-Robotics-0 ulgamyny tanyşdyrdy. 4,7 milliard parametrli bu ulgam robotlary hakyky durmuş şertlerinde akylly dolandyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar...