Apple kompaniýasy iOS 26-a jaňlary häzirki wagtda EA arkaly terjime etmek we Genmoji funksiýalaryny goşar

  • 10.06.2025 13:20
  • 957

Apple kompaniýasy 2025-nji ýylyň WWDC konferensiýasynda täze önümleriniň birnäçesini, şol sanda iOS 26-ny tanyşdyrdy. Bloomberg agentliginiň analitigi Mark Gurmanyň maglumatlaryna görä, kompaniýa bu gezek esasan emeli aňly täze mümkinçiliklere üns berdi.

Täze goşuljak aýratynlyklaryň biri «Apple Intelligence» bilen «Translate» programmasynyň has gowy utgaşmagy bolar. Ulanyjylar indi telefon jaňlaryny we tekst habarlaryny häzirki wagtda terjime edip bilerler.
Apple şeýle hem «Apple Intelligence-iň» esasyny düzýän täzelenen «Foundation Models» modellerine elýeterliligi açar. Daşarky işläp düzüjiler bu modelleri diňe mobil enjamlar üçin bulut arkaly ýa-da ýerli ýagdaýda ulanyp bilerler.
iOS 26-da peýda boljak täze bir mümkinçilik hem «Genmoji» bolar. Bu aýratynlyk arkaly iki sany adaty emojini birleşdirip täze emoji döredip bolar. Şeýle-de «Shortcuts» programmasynda emeli aňyň mümkinçilikleri giňeldiler.
Şeýle hem emeli aň arkaly batareýanyň kuwwatyny has täsirli ulanmak mümkinçiligini döredýän aýratynlygyň ýylyň ahyrynda «iPhone 17» bilen, esasanam «iPhone 17 Air» modelinde peýda bolmagy mümkin.
Ýene bir täzelik – «Xcode» programmirleme gurşawynyň täze wersiýasy bolar we ol daşarky uly dil modellerine (LLM) baglanmaga mümkinçilik berer. Gurmana görä, Apple şu wagt Google bilen gepleşikleri geçirýär we «Gemini» modelini «ChatGPT» üçin alternatiwa hökmünde ulanmagy meýilleşdirýär.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...