WhatsApp iOS-da emeli aň esasly şahsy çat-botlary synag edýär

  • 10.06.2025 12:18
  • 1k+

WhatsApp messenjeriniň işläp düzüjileri täze funksiýany – emeli aň esasynda şahsylaşdyrylan çat-botlary döretmek mümkinçiligini synag edip başladylar. Bu barada «WABetaInfo» portaly habar berýär. Täzelik iOS operasion ulgamynda işleýän enjamlara degişli.

Ulanyjylar çat-bot üçin at, daşky görnüş, gepleşik stili we maksat saýlap bilerler. Mysal üçin, okamak üçin wirtual kömekçi, motiwasiýa berýän tälimçi ýa-da syýahatçylyk gollanmasy hökmünde bot döretmek mümkin. WhatsApp emeli aň arkaly botuň awatar suradyny döredýär we gepleşik stiliniň wariantlaryny hödürleýär – asuda, joşgunly, degişgen we beýlekiler.

«WhatsApp ulanyjynyň isleglerine görä emeli aňyň özüni alyp barşyny we gepleşik stilini düzmäge kömek edýän „akylly“ teklipleri hödürlär» — diýip, «WABetaInfo» ýazýar.

Funksiýany häzir käbir beta ulanyjylary synag edýärler. Köpçülikleýin işe giriziljek senesi barada häzirlikçe resmi maglumat ýok.
Ýeri gelende aýtsak, şuňa meňzeş mümkinçilikler Android wersiýalary üçin hem hödürlenipdi. Şeýle hem belläp geçmek gerek, şahsylaşdyrylan çat-botlary diňe Meta AI tehnologiýasy elýeterli bolan sebitlerdäki ulanyjylar döredip bilerler.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...