Hindistanda köne köşgüň aşagyndan 50 müň kitaply ýerasty kitaphana tapyldy

  • 09.06.2025 14:38
  • 8.3k+

Hindistanyň Tikamgar şäherinde (Madhýa-Pradeş ştaty) öňki Tal Koti köşgüniň binasynyň aşagyndan 50 000 sany seýrek kitap ýygyndysy bolan gizlin kitaphana tapyldy. Gymmatly tapyndy hakda Times of India ýazýar.

Tal Koti binasy häzir kollej hökmünde ulanylýar. Gizlin kitaphanany etrabyň salgyt gözegçisi bolup işleýän ýerli işgär Wiwek Kşotriýa tapdy. Ene-atasynyň ýerasty hazyna hakda aýdan hekaýatlaryny ýada saldy we olary barlamak kararyna geldi. Binany gözden geçirenden soň, onuň aşagyndaky ýapyk otaglary açmagy buýurdy.
Içerde kitaply we golýazmaly tekjeler tapyldy. Olaryň käbiri gowy saklanyp galypdyr, beýlekilerine termitler zeper ýetipdir. Tapyndylaryň arasynda Feliks Topolskiniň “Gandiniň eskizleriniň” atly seýrek neşiri, hindi knýazlyklarynyň taryhyna degişli kitaplar we sanskrit dilindäki özboluşly golýazmalar bar. Kitaplaryň köpüsinde Orçhanyň Prezident kitaphanasynyň möhri bar.
Kitaphana bäş gatdan ybarat. Ol 20 ýyldan gowrak ozal eden maliýe galplygy sebäpli işinden aýrylan kitaphanaçy bilen baglanyşykly dawa-jenjelden soň ýapylypdyr.
Zeper ýeten kitaplar ekspertlere geçirildi we kataloglaşdyryş işleri başlandy. Kşotriýa kitaphananyň esasynda medeni merkez döretmegi meýilleşdirýär we bu taslama üçin hökümetden serişde sorady. Binanyň alymlar, taryhçylar we jahankeşdeler üçin özüne çekiji ýer boljakdygyna ynanýar.


16.09.2025 19:57
7.4k+

Hindi inženerleri uçarlar üçin “howa ýassyklaryny” oýlap tapdy

Hindi inženerleri uçarlar üçin täze howpsuzlyk ulgamyny döretdi – olar uçaryň fýuzelýažyny heläkçilik wagtynda açylyp, aşak gaçyşy ýumşatjak ägirt ýassyklar bilen örtmegi teklip edýär. Bu pikir şu ýylyň iýunynda Air India kompaniýasynyň uçary heläkçilige uçrandan soň peýda boldy...

31.07.2025 13:44
4.3k+

Hindistan adamdan öňürti kosmosa adam şekilli roboty iberer

Hindistanyň kosmos gözlegleri guramasy (ISRO) 2025-nji ýylyň dekabrynda orbita gumanoid robot bilen kosmos gämisini ibermegi meýilleşdirýär. Bu barada guramanyň başlygy Wanniýaperumal Naraýananyň sözlerine salgylanyp, Odisha Bytes habar berýär...

26.07.2025 11:59
3k+

NASA we Hindistan Ýere syn ediş hemralaryndan iň gymmatlarynyň birini uçurmaga taýynlanýar

30-njy iýulda ABŞ-nyň Milli aeronawtika we kosmos giňişliginiň barlaglary dolandyryş gullugy (NASA) we Hindi kosmos barlaglary guramasy (ISRO) tarapyndan işlenip düzülen NISAR Ýere gözegçilik hemrasyny (NASA-ISRO Synthetic Aperture Radar) uçurmak meýilleşdirilýär...

27.06.2025 18:11
5.7k+

Halkara kosmos stansiýasyna ilkinji gezek Hindistandan, Polşadan we Wengriýadan astronawtlar bardy

26-njy iýunda SpaceX kompaniýasynyň Crew Dragon kosmos gämisi Halkara kosmos stansiýasyna üstünlikli birikdi. Uçuş Axiom Space amerikan kompaniýasynyň Ax-4 («Aksiom-4») hususy missiýasynyň çäklerinde amala aşyryldy...