Mercedes-Benz ýük ulagy yzlygyna 125 km ýol geçip, rekord goýdy

  • 08.06.2025 20:49
  • 5.3k+

Germaniýanyň Oşersleben ýaryş ýolunda «Mercedes-Benz eActros» elektrikli ýük ulagy ýarym tirkeg bilen yzlygyna 124,7 kilometr ýol geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada «New Atlas» habar berýär.

Ulagyň rulunda 50 ýaşly awtoýaryşçy Marko Hellgrewe otyrdy. Ýöriş 6 sagat 22 minut dowam etdi. Bu wagtyň dowamynda, ol ortaça 20 km/sag tizlik bilen hereket edip, 476 gezek öwrüm etdi.
Bu kategoriýadaky öňki rekord 2020-nji ýylda goýlupdy – 89,1 kilometr. «eActros» şeýle netijäni gazanan ilkinji elektrikli ýük ulagydyr.
Ertesi gün «eActros» adaty ýollara çykdy. Polisiýanyň ulaglarynyň gatnaşmagynda, ol yzlygyna ýene 30 kilometr ýol geçdi. Bu bölek resmi rekorda girenok, emma bu tehnologiýanyň hem-de sürüjiniň mümkinçilikleriniň goşmaça görkezmesi boldy.
Bu ýörişe «eActros 600» flagman modeli gatnaşdy. Onda 621 kWt·sag sygymly elektrik batareýasy ýerleşdirilen. Bu batareýa doly ýük bilen 500 kilometre çenli ýol geçmäge mümkinçilik berýär. Ulagyň kuwwaty – 816 at güýjüne deň. Öndürijiniň hasaplamasyna görä, 10 ýylyň dowamynda we 1,2 million km ýol geçilenden soň hem batareýanyň sygymynyň azyndan 80%-i saklanyp galýar.


şu gün 14:34
1.4k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

20.06.2026 12:20
3.9k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....