Denzel Waşington Marvel-iň “Gara Babyr 3” filminde düşer

  • 08.06.2025 20:59
  • 3.3k+

Amerikaly aktýor Denzel Waşington “Gara Babyr” franşizasynyň üçünji bölüminde surata düşer. Bu maglumaty super gahrymançylykly filmiň režissýory Raýan Kugler "E News" gazetine beren interwýusynda tassyklandy.

Waşingtonyň özi ozal Kugler üçin ýörite keşp döretmek isleýändigini aýdypdy. Režissýor bu maglumaty: "Munda hiç hili toslama zat ýok" diýip tassyklady.

"Denzel – bu eýýäm maşgala. Men onuň bilen ilkinji günden bäri işleşmäge synanyşýaryn. Meniň pikirimçe, ol häzirki aktýorlaryň iň beýigi" -diýip, Kugler sözüniň üstüne goşdy.

Şeýlelikde, Oskar baýragynyň eýesi Waşington Letisiýa Raýt, Danaý Gurira, Lupita Niongo we Uinston Dýuk daga goşular. Waşingtonyň takyk haýsy keşbi ýerine ýetirjegi entek aýan edilmedi.
2024-nji ýylda aktýor “Otelloda” baş keşbi janlandyrmagy, soň bolsa korol Liri oýnamagy we karýerasyny tamamlamagy meýilleşdirýändigini aýtdy. Şonda ol "özüne diňe iň gowular bilen işlemegiň gyzyklydygyny" aýdypdy.
“Gara Babyr 3-iň” çykjak senesi entek belli däl. Birinji filmi 2018-nji ýylda, ikinji bölümi - 2022-nji ýylda çykypdy.


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.5k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......