“Keseki: Ýer” serialynyň doly derejeli treýleri çykdy

  • 08.06.2025 11:23
  • 6.1k+

FX studiýasy şouranner Noa Houliden “Keseki: Ýer” (Чужой: Земля) serialynyň ilkinji doly derejeli treýlerini hödürledi. Onuň premýerasy 12-nji awgustda bolar.

Serialda waka “Prometeýden” birnäçe ýyl we franşizanyň ilkinji filminden 30 ýyl öň bolup geçýär. Hereketiň bolýan ýeri – Ýer.
Sýužetiň merkezinde Wendi atly keselli gyzjagaz durýar. Ol dünýäde ilkinji sintetiki adam bolýar: onuň aňy ösen ukyplary bolan uly adama geçirilýär. Haçan-da bortunda howply jandarlar bolan kosmos gämisi Ýerde heläkçilige uçranda, Wendi topar bilen gäminiň galyndylaryny öwrenmäge ugraýar. Ol gämi bilen planeta gelen nägehanlar bilen göreşmeli bolar.
Serialda baş keşbi “Alada etme, ezizim” (Не беспокойся, дорогая) filminde we “Pistol” (Пистол) mini-serialynda oýnan Sidni Çandler ýerine ýetirdi. Şeýle-de, aktýorlar düzümine Aleks Louter, Timoti Olifant, Essi Dewis, Semýuel Blenkin, Babu Sizeý, Dewid Risdal, Edrian Edmondson, Adarş Guraw, Jonatan Ajaýi, Erana Jeýms, Lili Nýumark, Dýem Kamilla we Moe Bar-El girdi.
FX-iň başlygy Jon Landgraf serialy “Keseki” franşizasyna “döredijilik taýdan täze garaýyş” diýip atlandyrdy we ony Houliniň iň belli işi “Fargo” bilen deňeşdirdi. Şeýle-de, ol taslamanyň “ilkibaşda uzak möhletli hökmünde göz öňünde tutulandygyny” aýtdy.
Franşizanyň häzirki wagtda soňky filmi – “Keseki: Romul” – geçen ýylyň 16-njy awgustynda çykdy. Film 80 mln dollar býujet bilen dünýä prokatynda 350 mln dollar gazandy. 


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.5k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......