“Barbini” döredijiler kinostudiýa açdy we eýýäm oýnawaçlar barada 14 taslama taýýarlaýar

  • 08.06.2025 17:41
  • 2.4k+

Mattel oýnawaç öndürijisi Mattel Studios ady bilen hususy kinostudiýasynyň açylandygyny mälim etdi. Ol kompaniýanyň meşhur oýnawaçlarynyň esasynda filmleri we seriallary düşürer diýip, Deadline habar berýär. 

Täze bölümçe kompaniýanyň kino we teletaslamalaryň önümçiligi bilen meşgullanýan ähli bar bolan ugurlaryny birleşdirer. Studiýa ozal Mattel Films-iň prezidenti wezipesini eýelän Robbi Brenner ýolbaşçylyk eder.

“Mattel kompaniýasy öz brendlerini we personažlaryny kinoda täzeçe görkezmek üçin häzirki döwrüň beýik zehinlerini işe çekdi. Men özboluşly wakalary diňe bir filmlerde däl, eýsem seriallarda janlandyrmak mümkinçiligi üçin minnetdar” – diýip, Brenner neşir bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Mattel Studios eýýäm 14 taslama taýýarlaýar. Olaryň biri Monster High gurjaklaryna esaslanýan film bolar we onuň režissýory hökmünde “M3GAN” horrory bilen tanalýan Jerard Jonstoun çykyş eder. Şeýle-de, Polly Pocket gurjaklary we Matchbox oýnawaç awtomobilleri barada filmler taýýarlanýar.
Ýatlap geçsek, Warner Bros. studiýasy 2023-nji ýylda Mattel-iň ygtyýarnamasy bilen “Barbi” filmini çykardy. Lenta 1,4 mlrd dollar ýygnap, ýylyň iň girdejili filmi boldy. 


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......