Apple AirPods nauşniklerine kamerany dolandyrmak mümkinçiligini we uky detektoryny goşar

  • 08.06.2025 17:37
  • 1.8k+

Apple kompaniýasy AirPods nauşnikleri üçin uly täzelenme taýýarlaýar.

The Verge-iň maglumatlaryna görä, nauşnikleriň kömegi bilen iPhone ýa-da iPad kamerasyny dolandyryp bolar. Ulanyjylar AirPods-yň “aýagyna” basyp, surata düşürip biler.
Beýleki täzelikleriň arasynda uklan ýagdaýyňda awtomatik pauza funksiýasy bar. Haçan-da ulgam ulanyjynyň uklandygyny kesgitlände, aýdym ýa-da podkast pauza goýulýar. Häzirlikçe munuň üçin Apple Watch-yň gerekdigi ýa-da ýokdugy belli däl.
Apple sesiň gatylygyny sazlamak üçin kelle hereketini-de goşup biler. Bu gürrüňdeşlik wagtynda nauşnikdäki sesiň gatylygyny awtomatik peseldýän Conversation Awaraness funksiýasynyň üstüni ýetirer.
Şeýle-de, täze iPhone 16-daky ýaly sesi basyp ýatyrýan studiýa hilli mikrofon režiminiň bolmagyna garaşylýar.
Mundan başga-da, kompaniýa AirPods-yň iPad-e birikmegini ýönekeýleşdirmek isleýär. Bu täzelik bilim edaralary üçin niýetlenip, bilim prosesinde tehnikanyň ulanylyşyny aňsatlaşdyrmaly.
Bu täzelikleriň ählisiniň 9-njy iýunda WWDC 2025 konferensiýasynda hödürlenmegine garaşylýar. 


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.2k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.2k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...