Jeýms Kemeron ýyrtyjy elflere garşy göreş hakyndaky “Şeýtanlar” romanyny ekranlaşdyrýar

  • 06.06.2025 08:58
  • 1.9k+

“Titanik”, “Terminator” we “Awatar” filmleriniň döredijisi Jeýms Kemeron “Şeýtanlar” (“Дьяволы”) atly täze fentezi taslamasynyň edebi esasyny ýazar. Bu barada The Hollywood Reporter neşiri habar berdi.

Film iňlis ýazyjysy Jo Aberkrombiniň adybir romany esasynda dörediler. Kitap şu ýylyň maý aýynda neşir edildi. Sýužetiň merkezinde - Ýewropa hüjüm eden et iýýän elfleriň goşunyny duruzmaga synanyşýan ýekirilenleriň topary durýar.
Filme kimiň režissýorlyk etjekdigi entek belli däl.
Kemeron “Şeýtanlardan” başga-da, beýleki taslamalaryň üstünde hem işleýär. Dekabr aýynda “Awatar” franşizasynyň üçünji “Ot we kül” (“Огонь и пепел”) atly filminiň premýerasynyň bolmagyna garaşylýar. Şeýle hem ol Hirosimada we Nagasakide ýadro partlamalary baradaky betbagtçylyk filminiň üstünde işleýär.


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......