Gazagystan özüniň ultra-ýeňil raketasyny döretmegi meýilleşdirýär

  • 06.06.2025 08:53
  • 1.5k+

Gazagystan ownuk hemralary orbita uçurmak üçin öz ultra-ýeňil raketa göterijisini döretmekçi bolýar. Bu barada Gazagystanyň Mejlisiniň Senatynyň agzasy Andreý Lukiniň beren beýanyna salgylanýan Informburo.kz habar berýär.

Onuň sözlerine görä, raketa 500 kilograma çenli bolan gerekli ýüki Ýeriň pes orbitasyna çykaryp biler. Lukin bu taslamanyň Gazagystan üçin iş ýüzünde amala aşyryp boljak we maksadalaýyk hasaplanýandygyny aýtdy.
Ol şeýle raketalaryň az ýangyç talap edýändigini, olara hyzmat etmegiň aňsatdygyny we çylşyrymly ýerüsti infrastrukturasyny talap etmeýändigini düşündirdi. Şeýle hem olar uçurmak üçin köp hünärmeniň gatnaşmagy gerek bolmaz diýip çaklaýarlar.
Senator dünýäniň kosmos senagatynyň ownuk hemralary we kubsatlary ulanmaga has işjeň geçýändigini aýtdy. Olar telekommunikasiýa, gözegçilik we bilim taslamalarynda ulanylýar. Lukin mysal hökmünde Amerikanyň Rocket Lab hususy kompaniýasynyň Electron raketa göterijisine salgylandy. Ol indi birnäçe ýyl bäri gerekli ýükleri orbita çykarmakda ulanylýar.
Electron raketasy häzirki wagtda orbital uçuşlaryň sany boýunça dünýäde üçünji orunda durýar we bu ornuny ruslaryň Soýuz-2-si bilen paýlaşýar. Uçuryşlaryň sany boýunça olardan öňde diňe Falcon 9 we Hytaýyň Long March 2-si durýar.


düýn 14:38
2.5k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......

18.06.2026 11:16
2.8k+

Gazagystanly talyplar mars rowerini döretdiler

​Nazarbaýew Uniwersitetiniň talyplary nätanyş ýerleri öwrenmäge, resurslary gözlemäge we GPS ulgamy bolmazdan adatdan daşary kyn şertlerde özbaşdak ugur kesgitlemäge ukyply mars rowerini (marsohod) işläp......

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.2k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......