1987-nji ýylyň ýoň bolan aýdymy täzeden janlandy. Spotify-da ol 1 milliarddan gowrak gezek diňlenildi

  • 06.06.2025 08:52
  • 4.8k+

Britaniýaly aýdymçy Rik Estliniň 1987-nji ýylda çykaran «Never Gonna Give You Up» aýdymy täzeden meşhurlyk gazandy we Spotify platformasynda 1 milliarddan gowrak gezek diňlenildi. Aýdym internetde dörän gyzyklanmasy sebäpli, ýene-de meşhur boldy.

Bu üstünlik aýratyn bellärliklidir, sebäbi bu kompozisiýa Spotify ýaly platformalaryň döredilmezinden onlarça ýyl öň çykarylypdy diýip, «The Hollywood Reporter» ýazýar.

«1987-nji ýylda „Never Gonna Give You Up“ aýdymynyň onýyllyklardan soň hem meşhur boljagyny göz öňüme-de getirip bilemokdym. Striming hyzmatlarynyň saýasynda, tutuş täze nesil aýdymlarym bilen tanyşdy. Bir milliard gezek diňlenmek – men muny arzuw hem etmändim ahyryn. Bu aýdymy diňlän her bir adama köp sagbolsun aýdýaryn» — diýip, neşir Estliň sözlerini ýetirýär.

Aýdymyň meşhurlygynyň artmagyna 2000-nji ýyllaryň ortalarynda internetde giňden ýaýran we internet ironiýasynyň nyşanyna öwrülen «rikrolling» internet-memi sebäp boldy. Rikrolling (Rickrolling) – bu ulanyjynyň bir mazmuna garaşyp, baglanyşyga basmagy we garaşylmadyk ýagdaýda «Never Gonna Give You Up» klibiniň açylmagy bilen bolup geçýän hileli degişmedir.
2025-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky ýagdaýa görä, YouTube-daky klip 1,6 milliard gezek görüldi. Bu wideo režissýor Saýmon Uest tarapyndan surata düşürildi we 2021-nji ýylyň 28-nji iýulynda 1 milliard gezek görüldi.
1987-nji ýylyň iýulynda çykan aýdym Beýik Britaniýany we ABŞ-ny hem hasaba almak bilen, 25 ýurtda çartlaryň başyna çykypdy. 1988-nji ýylda ol iň gowy singl hökmünde «Brit Award» baýragyna eýe boldy. Ol Rik Estliniň 15 milliondan gowrak nusgada satylan «Whenever You Need Somebody» atly ilkinji albomynyň ilkinji aýdymydyr.

şu gün 12:12
496

BMG howsala düşdi: Neýroulgamlar ähli suwy we energiýany gutarýar

BMG-niň Uniwersitetiniň Suw, daşky gurşaw we saglyk instituty (UNU-INWEH) emeli aň hem-de bulut tehnologiýalary senagatynyň ösüşiniň daşky gurşawa ýetirýän ekologik täsirlerini jikme-jik beýan edýän täze......

şu gün 10:59
1.5k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

şu gün 07:37
2.2k+

Awiakompaniýalar ýolagçylara goşy däl-de, jany halas etmegi öwreder

Halkara howa ulaglary assosiasiýasy (IATA) Rio-de-Žaneýroda geçirilen 82-nji ýyllyk ýygnagynda «Goşuňy däl-de, janyňy halas et» (Save a Life, Not a Bag) atly täze howpsuzlyk kampaniýasyna başlady. Bu......

düýn 16:26
4.4k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......