«Elden Ring Nightreign» ekşen-oýny 4 günde 3,5 million nusgada satyldy

  • 06.06.2025 08:36
  • 1.3k+

«FromSoftware» studiýasy tarapyndan işlenip düzülen «Elden Ring Nightreign» kooperatiw ekşen-oýny 4 günde 3,5 million nusgada satyldy. Bu barada oýnuň işläp düzüjileri habar berdi.

Bu san diňe sanly görnüşdäki satuwlary däl, eýsem fiziki göterijileriň üpjünçiligini hem öz içine alýar. Studiýanyň bellemegine görä, disk görnüşindäki wersiýalaryň paýy azalsa-da, käbir oýunçylar henizem oýunlary gutuda satyn alýarlar.
«Elden Ring Nightreign» — bu «Dark Souls» oýunlaryna meňzeş, üç adamlyk kooperatiw taslamasydyr. Oýny tamamlamak üçin iki hyzmatdaş tapmak bir hyzmatdaş tapmakdan has kyndygy sebäpli, geljekde işläp düzüjiler iki adamlyk duet görnüşinde oýnamak mümkinçiligini goşmagy meýilleşdirýärler. Mundan başga-da, oýnuň ilkinji goşmaça mazmun toplumy (DLC) boýunça işleriň eýýämden alnyp barylýandygy bellenip geçildi.

düýn 23:12
884

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

düýn 22:53
1.7k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....

düýn 14:49
1.1k+

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

düýn 14:28
873

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......