Killian Mýorfi “28 ýyl soň” trilogiýasynyň ähli filmlerinde peýda bolar

  • 05.06.2025 16:05
  • 4.5k+

Irlandiýaly aktýor Killian Mýorfi täze “28 ýyl soň” (28 лет спустя) trilogiýasynyň ähli bölümlerine gatnaşar. Bu barada režissýor Denni Boýla salgylanyp, ING habar berýär.

Boýl ssenariçi Aleks Garlend bilen bilelikde howply wirus baradaky filmiň dowamy üçin köpden bäri pikiriniň bardygyny aýtdy. Awtorlar ony öňki filmlere goşmady, ýöne indi ol täze trilogiýa üçin esas bolup hyzmat eder.
Režissýor üç bölümiň her biriniň özbaşdak boljakdygyny belledi. Filmleriň sýužeti gönüden-göni baglanyşykly bolmaz, ýöne waka şol bir älemde ýaýbaňlanar.

“Her bir waka özüçe tamamlanýan bolsa-da, her birinde indiki filme geçiş bar. Şonuň üçin bu uly ussatlygy talap edýär. Biziň entek üçünji film üçin pulumyz ýok. Onuň ykbaly birinjiniň nähili boljakdygyna bagly. Ýöne eger ähli zat gowy bolsa, bize üçünji üçin rugsat bererler diýip umyt edýärin. Muňa hemmelere garaşýar. Şol sanda Killian” – diýip, Boýl aýtdy.

Şeýle-de, režissýor täze trilogiýanyň “28 gün soň” filmi bilen baglanyşykly boljakdygyny, ýöne taslamanyň geriminiň has giňeljekdigini belledi.
Birinji filmiň premýerasy 2025-nji ýylyň 18-nji iýunynda bolar, ikinjisi 2026-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda çykar.  


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.5k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......