Ledi Gaganyň Braziliýadaky konserti resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

  • 05.06.2025 15:52
  • 10k+

Ledi Gaganyň 3-nji maýda Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäheriniň Kopakabana kenaryndaky mugt konserti resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynda zenan sazandalaryň arasynda iň köp tomaşaçy ýygnan ýekelikdäki çykyş hökmünde ykrar edildi.

Çaklamalara görä, amerikaly aýdymçynyň çykyşyna, takmynan, 2,5 million adam gelipdir. Bu Ledi Gaganyň 13 ýyl arakesmeden soň Braziliýadaky ilkinji şüweleňidi. Mundan ozal bu rekord Madonna degişlidi, onuň şol bir kenarda geçirilen 2024-nji ýylyň 4-nji maýyndaky konsertine, takmynan, 1,6 million tomaşaçy ýygnanypdy.
Çäreleriň ikisem «Live Nation» kompaniýasy bilen Rio-de-Žaneýronyň syýahatçylyk agentligi tarapyndan gurnalan mugt konsertler tapgyrynyň çäginde geçirildi. Guramaçylar Ledi Gaganyň çykyşynyň ýerli ykdysadyýete 100 million dollardan gowrak girdeji getirmegine garaşýarlar.
Aýdymçynyň üstünlikli çykyşyna garamazdan, tomaşaçy sany boýunça absolýut rekord britaniýaly sazanda Rod Stýuarta degişlidir. Onuň 1994-nji ýylda Kopakabana kenarynda beren Täze ýyl konsertine 3,5 million adam gatnaşypdy. Ginnesiň rekordlar kitabynda bellenmegine görä, bu sanyň arasynda diňe feýerwerklere tomaşa etmäge gelenler hem bolup biler.


düýn 22:32
1.4k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.2k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.8k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5.1k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....