The Weeknd we Nespresso bilelikde kofe kolleksiýasyny çykardy

  • 04.06.2025 15:50
  • 1.9k+

Aýdymçy The Weeknd (hakyky ady – Eýbel Makkonen Tesfaýe) «Nespresso» kofe brendi bilen hyzmatdaşlyga başlady. Bu hyzmatdaşlygyň çäginde olar çäkli sanda kofe garyndylaryny, syýahat üçin kružkalary we ýörite bulgurlary çykardylar diýip, «Hypebeast» neşiri habar berýär.

Taslama «Samra Origins» diýlip atlandyryldy, bu at aýdymçynyň ejesiniň hormatyna dakyldy. Onuň ady Samrawit Haýlu eken. Bellenmegine görä, bu önümler The Weeknd-iň efiop mirasyny we maşgala däplerini şöhlelendirýär.

«Kofe biziň maşgalamyzyň medeniýetinde çuňňur orun eýeleýär — bu bir ýere ýygnanmak, gürrüňdeş bolmak we pikir alyşmak bilen baglanyşykly» — diýip, aýdymçy aýtdy.

Şeýle hem Nespresso The Weeknd-iň 3-nji sentýabra çenli dowam etjek dünýä turnesiniň esasy hemaýatkäri boldy.

«Aýdym-saz nädip dürli žanrlary garyşdyrýan bolsa, biziň kofämiz hem adamlary birleşdirýär» — diýip, «Nespresso» kompaniýasynyň baş direktory Filipp Nawratil aýtdy.

Şeýle-de ýylyň ahyryna çenli aýdymçy bilen bilelikde başga-da täze önümleriň çykarylmagyna garaşylýar.

düýn 23:12
884

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

düýn 22:53
1.7k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....

düýn 14:49
1.1k+

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

düýn 14:28
873

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......