«Ahyrky nokat: Gan baglanyşyklary» filmi iýunyň ortalarynda sanly görnüşde çykar

  • 04.06.2025 15:36
  • 2.3k+

«Ahyrky nokat: Gan baglanyşyklary» («Final Destination Bloodlines») horror filmi 17-nji iýunda sanly görnüşde elýeterli bolar diýip, «WhenToStream» portaly habar berýär.

«Warner Bros.» studiýasynyň filmi ilkinji gezek maý aýynyň ortalarynda dünýä boýunça prokata çykdy we 50 million dollarlyk býujeti bilen 229 million dollar gazandy. Filmiň sýužeti talyp gyz Stefani (Keýtlin Santa Huana) barada gidýär. Ol öz maşgalasyny ýowuz heläkçiliklerden halas etmek üçin dogduk şäherine dolanýar.
Taslamada Toni Todd hem çykyş edýär. Ol franşizanyň dördünjiden galan ähli bölümlerinde patologoanatomyň keşbinde çykyş edipdi. Aktýor 2024-nji ýylyň güýzünde aradan çykypdy.
Franşizanyň altynjy bölüminiň režissýorlary hökmünde Zak Lipowski bilen Adam B. Steýn çykyş edýär. Bu film seriýadaky filmleriň arasynda tankytçylardan iň ýokary bahany aldy: «Rotten Tomatoes-da» 92%, «Metacritic-de» bolsa 100-den 73 bal aldy.


düýn 09:56
1.9k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......