Counter-Strike 2-de maý aýyndaky täzelenmeden soň ýalňyşlyklar we näsazlyklar ýygjamlaşdy

  • 04.06.2025 11:05
  • 2.7k+

Dünýäniň dürli künjeklerinden Counter-Strike 2-niň oýunçylary tehniki näsazlyklaryň artandygyny habar berýärler. Bu näsazlyklar oýna düýpli täsir etmeýän hem bolsa, olaryň aglabasy häzire çenli düzedilmän galýar. Baglar (oýundaky ýalňyşlyklar) we oýundaky bökdençlikler maý aýynyň ortalaryndan başlap has ýygy ýüze çykyp başlady, iýun aýynyň başynda bolsa olaryň sany ep-esli artdy. Muny CS2 jemgyýetinde we degişli forumlarda peýda bolan habarlardan görmek bolýar.

30-njy maýda köp oýunçy inwentar bilen baglanyşykly näsazlyga duş geldi: oýun täze predmetleriň bardygyny görkezýär, ýöne olary açmaga ýa-da bildirişi aýyrmaga mümkinçilik bermeýär. Käbirleri bolsa Steam overlay ulananda kompýuteriň gara ekranda doňýandygyny we dolulygyna işlemez ýagdaýa gelýändigini aýdýarlar. Bu meseleleriň çözgüdi entek tapylmady.
Şeýle hem ýeňijileriň sanawynda seýrek duş gelýän ýalňyşlyk bellendi. Mysal üçin, “Ýarag ýaryşy” ýaly ýagdaýlarda birinji orna hakykatdan ýeňiji däl-de, ikinji orny eýelän oýunçy çykýar. Asyl ýeňiji bolsa düýbünden görkezilmeýär.
Başga bir mesele – oýnuň dowamynda skiniň ýok bolup, soňra täzeden peýda bolmagydyr. Bu näsazlyk köp oýunçularda takmynan bir hepde bäri ýüze çykýar we jemgyýet tarapyndan öňden bäri bilinýär.
Ulanyjylaryň pikirine görä, bu bökdençlikleriň käbiri Ostindäki ýaryşa bagyşlanan täze mazmunyň oýna goşulmagy bilen baglylykda ýüze çykan bolmagy mümkin.

düýn 23:12
884

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

düýn 22:53
1.7k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....

düýn 14:49
1.1k+

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

düýn 14:28
873

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......