Raibo atly koreýaly robot it diwaryň ýüzünden ylgamagy we parkury özleşdirdi

  • 03.06.2025 20:52
  • 4.5k+

Günorta Koreýanyň Robototehnika we emeli aň barlaghanasynda işlenip taýýarlanan dört aýakly robot Raibo parkury özleşdirdi. Ol dik diwaryň ýüzünden ylgap, 1,5 metre çenli beýiklikdäki päsgelçiliklerden böküp we daşlyk ýerlerde hereket edip bilýär diýip, Science Robotics žurnalynda aýdylýar.

Robotyň tehnologiýasy ugry meýilleşdirmegi we hereketi yzarlamagy birleşdirýän dolandyryja esaslanýar. Neýron ulgamy häzirki wagtda täzelenip, töwerekdäki giňişligiň kartasyny döredýär. Bu Raibo-a iň amatly ýoly saýlamaga we howpsuz hereket etmek üçin daýanç nokatlaryny tapmaga kömek edýär. Kameralar we seslenme datçikleri roboty kyn şertlere uýgunlaşdyrmaga mümkinçilik berýär.
Synaglarda Raibo haýran galdyryjy netijeleri görkezdi. Ol bökmekde 1,3 metr aralygy geçip bilýär, basgançaklara, panduslara we gutulara çykýar, päsgelçiliklerden ynamly aşak inýär. Robot gysga aralyklarda bitekiz ýerlerden geçip, dik diwarlaryň ýüzünden arkaýyn ýöräp bilýär.
Alymlar eýýäm onuň mümkinçiliklerini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmak arkaly Raibo 2-niň üstünde işleýärler. Işläp düzüjiler şeýle robotlary tebigy betbagtçylyklarda we adama hereket etmek kyn ýa-da howply bolan beýleki şertlerde ulanyp boljakdygyna ynanýarlar.


20.06.2026 09:37
2k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

19.06.2026 18:36
988

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

17.06.2026 11:15
2.7k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......