Müsüriň çölünde Jirian ady bilen täze şäher gurlar

  • 03.06.2025 17:13
  • 7.7k+

Müsüriň häkimiýeti Jirian ady bilen täze şäheriň gurluşygynyň başlanandygyny mälim etdi diýip, Reuters agentligi habar berýär.

Şäher çölde, Kairden 42 km günbatarda, 6,8 mln inedördül metr meýdanda ýerleşer.
Jirian meýdany 2,28 mln akr bolan has uly “Täze delta” oba hojalyk taslamasynyň bir bölegi bolar. Bu zolagy suwarmak üçin her gün ol ýere Nilden, takmynan, 10 mln kub metr suw iberiler, bu ýurduň ýyllyk suw kwotasynyň, takmynan, 7%-ine deňdir. Şeýlelikde, täze şäher we meýdan Niliň hasylly deltasynyň deregine ulanylar.
Taslama aýna fasadly kaşaň jaýlaryň, şeýle-de täjirçilik zolaklarynyň, gämi duralgasynyň we erkin ykdysady zolagyň gurluşygyny göz öňünde tutýar.
Müsüriň premýer-ministri Mustafa Madbuli döwletiň “suw ýetmezçiliginiň, energetika meseleleriniň we ykdysady kynçylyklaryň bolýan döwründe ýer bahasyny ýokarlandyrmak we maýa goýumlary çekmek üçin adaty däl we innowasion çemeleşmeleri ulanmaga ýykgyn edýändigini” aýtdy.


düýn 15:59
2.4k+

Müsürde arheologlar faraon Ramses II-niň heýkelini tapdy

Arheologlar Eş-Şarkiýa sebitindäki gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda, çaklanylyşyna görä, faraon Ramses II-niň heýkelini tapdy. Bu barada Müsüriň Syýahatçylyk ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

21.04.2026 07:22
6.8k+

Müsür 27 milliard dollarlyk täze şäher gurmagy meýilleşdirýär

Talaat Moustafa Group kompaniýasy Kairiň golaýynda täze The Spine ("Oňurga") şäherini gurmak üçin 27 milliard dollarlyk taslamany yglan etdi diýip, Bloomberg habar berýär. ...

19.02.2025 11:59
5.5k+

Müsürde dünýäniň iň gymmat muzeýleriniň biri açylar

Müsürde 2025-nji ýylyň 3-nji iýulynda Uly Müsür muzeýini açmak meýilleşdirilýär. Şol günden syýahatçylar ähli ekspozisiýalara, şol sanda Tutanhamonyň zalyna we Hufunyň gaýyk muzeýine girip biler diýip, Tourprom...

18.10.2024 16:11
14k+

Müsüriň Giza şäherinde 22 ýyllap gurlan dünýäde iň gymmat muzeý açyldy

16-njy oktýabrda Gizada synag režiminde Uly Müsür muzeýi açyldy. Bu barada Associated Press agentligine salgylanyp, The Guardian habar berýär. Bu taslamany durmuşa geçirmek üçin 22 ýyl we 1 mlrd dollardan gowrak...