Müsürde dünýäniň iň gymmat muzeýleriniň biri açylar

  • 19.02.2025 11:59
  • 5.5k+

Müsürde 2025-nji ýylyň 3-nji iýulynda Uly Müsür muzeýini açmak meýilleşdirilýär. Şol günden syýahatçylar ähli ekspozisiýalara, şol sanda Tutanhamonyň zalyna we Hufunyň gaýyk muzeýine girip biler diýip, Tourprom.ru habar berýär.

Toplumyň gurluşygy 2002-nji ýylda başlady, onuň açylyşy bolsa 2020-nji ýyla meýilleşdirilipdi. Ýöne möhlet yzygiderli yza süýşürildi. Geçen ýylyň oktýabr aýynda muzeý bölekleýin açyldy. Bu ýerde Gadymy Müsüriň taryhyndan 15 müň töweregi eksponat jemlenýär. Olaryň arasynda Kairiň, Luksoryň, Deltanyň we Aleksandriýanyň ammarlaryndan we muzeýlerinden getirilen gadymy artefaktlar hem bar.
2025-nji ýylyň 3-nji iýulyndan myhmanlar doly ekspozisiýany, şol sanda Tutanhamonyň aramgähinden 5 müň predmetden ybarat kolleksiýany we b.e. öň 2500-nji ýyllar töweregi döredilen Hufunyň gämisini görüp biler. Bu gämi Beýik piramidada tapyldy.
Uly Müsür muzeýi dünýäde iň uly arheologiki muzeý we häzirkizaman taryhynda şular ýaly iň gymmat toplumlaryň biri hasaplanýar. Onuň döredilmegine 1,2 mlrd dollar maýa goýuldy.
Muzeýiň ilkinji myhmanlary baýramçylyk çäreleri we muzeý boýunça eksklýuziw ekskursiýalar üçin ýörite petekleri satyn alyp biler. Açylyş güni bu petekleriň bahasy 5 müň dollardan 10 müň dollar aralygynda bolar.


düýn 23:58
330

Hindistan ýoň bolan elektron wiza bilen ýurda girmegiň san çäklendirmesini ýatyrdy

Hindistan 30 günlük syýahatçylyk elektron wizasy bilen ýurda girmegiň sanyna goýlan çäklendirmäni ýatyrdy. Indi şeýle wizanyň eýeleri onuň möhletiniň dowamynda ýurda isledikleriçe gelip bilýärler....

16.06.2026 23:15
3.4k+

Pariziň iň köne köprüsini uly gowaga öwürdiler: indi ol köpçülik üçin açyk

Fransuz suratkeşi JR Pariziň iň köne köprüsini uly göwrümli çeperçilik giňişligine öwüren «Pon-Nýof gowagy» atly gurnamasyny köpçülik üçin açdy. Bu desgany görmek mugtdyr we ol 28-nji iýuna çenli dowam eder....

10.06.2026 16:40
3.1k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

10.06.2026 12:20
10k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......