Ben Afflek bilen Mett Deýmonyň onunjy bilelikdäki filmi 2026-njy ýylda çykar

  • 03.06.2025 17:08
  • 3.2k+

Netflix akym hyzmaty Ben Afflek bilen Mett Deýmonyň gatnaşmagynda “RIP” jenaýat trilleriniň çykjak senesini yglan etdi. Onuň premýerasy 2026-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda bolar diýip, Deadline habar berýär.

Filmiň sýužeti ogry-jümrüleriň mesgeninde millionlarça dollar tapýan Maýamiden polisiýa işgärleriniň topary barada gürrüň berýär. Goşmaça kömege garaşmazdan, olar puly özüne almak kararyna gelýär, bu hem toparyň içinde ynamyň ýitmegine getirýär.
Film 70-nji ýyllaryň jenaýat trillerlerinden ylham aldy. Önümçilik bilen Afflek we Deýmon tarapyndan döredilen Artists Equity kompaniýasy meşgullanýar. Režissýor we ssenariçi bolup Jo Karnahan çykyş etdi.
Kaliforniýada geçirilen Netflix Tudum 2025 çäresinde aktýorlar filmden ilkinji kadrlary görkezdi. Afflek “RIP-i” “Tutluşyk”, “Türgenleşik güni” filmleriniň we “Narko” serialynyň garyndysy hökmünde häsiýetlendirdi.
“RIP” Afflek bilen Deýmonyň onunjy bilelikdäki taslamasy bolar. Olaryň hyzmatdaşlygy “Akylly Uill Hanting” filminden (Умница Уилл Хантинг, 1997) başlady, bu filmde olar diňe bir baş keşpleri ýerine ýetirmän, eýsem ssenariniň awtorlary bolup çykyş etdi. Bu işi üçin olar “Iň gowy original ssenariý” nominasiýasynda “Oskar” baýragyny aldy.
Şondan bäri olar “Dogma” (Догма, 1999), “Soňky duel” (Последняя дуэль, 2021), “Air: Uly böküş” (Air: Большой прыжок, 2023) ýaly filmleriň üstünde işledi.


düýn 09:56
1.9k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.5k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......