SpaceX kompaniýasy 2025-nji ýylda öz uçuş rekordyny täzelär

  • 02.06.2025 14:05
  • 1.4k+

ABŞ-nyň SpaceX kosmos kompaniýasy 2025-nji ýylda rekord mukdarda orbital uçuş ýerine ýetirmegi meýilleşdirýär. Bu barada ABŞ-nyň Kosmos güýçleriniň milli howpsuzlyk maksatlary («NSSL») üçin uçuşlar maksatnamasynda kompaniýanyň gatnaşygyny utgaşdyrýan SpaceX bölüminiň ýolbaşçysy Enn Meýson habar berdi.

«Ýylyň ahyryna çenli 170 uçuş amala aşyrmagy meýilleşdirýäris» — diýip, Enn Meýson aýtdy.

Eger-de bu maksat ýerine ýetirilse, onda bu görkeziji kompaniýanyň 2024-nji ýyldaky rekordyndan hem geçer. Geçen ýyl SpaceX jemi 134 orbital uçuş amala aşyrypdy (şolaryň 132-si «Falcon 9» raketa göterijisi bilen, 2-si bolsa «Falcon Heavy» bilen). Şol uçuşlaryň, takmynan, üçden iki bölegi Ýeriň pes orbitasyna «Starlink» hemralaryny ýerleşdirmek bilen baglanyşyklydy.
Meýsonyň sözlerine görä, «Falcon 9» raketasynyň täze ikinji tapgyry her 2,5 günde bir çykýar. Birinji tapgyr gaýtadan ulanylýar, bu bolsa uçuşlara taýýarlyk prosesini ep-esli çaltlaşdyrýar.
2025-nji ýylyň başyndan bäri, kompaniýa eýýäm 64 orbital missiýany ýerine ýetirdi. Bu günde ortaça 0,43 uçuş diýmekdir. Meýilleşdirilen sana ýetmek üçin, kompaniýa uçuşlaryň ýygylygyny birneme ýokarlandyrmaly bolar.
Görkezilen maglumatlar diňe orbital uçuşlara degişlidir. «Starship» kysymly täze kosmos gämisiniň synag uçuşlary muňa degişli däldir. 2025-nji ýylda «Starship» eýýäm üç synag uçuşyny amala aşyrdy, olaryň soňkusy 28-nji maý gijesi şowsuz tamamlanypdy.


02.06.2026 12:47
5.8k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

29.05.2026 23:01
4.9k+

Blue Origin-iň «New Glenn» raketasynyň synagy güýçli partlama bilen tamamlandy

Blue Origin kompaniýasynyň agyr klasly «New Glenn» raketa göterijisi Floridadaky Kanaweral burnunda ýerleşýän 36-njy uçuş toplumynda geçirilen synag mahalynda partlady....

28.05.2026 17:31
2.8k+

Perseverance roweri Marsda «marafon» aralygyna golaýlady we selfi düşdi

NASA-nyň Perseverance mars roweri Ýezero krateriniň günbatar bölegindäki Lac de Charmes diýlip atlandyrylýan sebitde, gadymy Mars peýzažynyň öňünde täze selfi düşürdi. Bu surat 2026-njy ýylyň 11-nji martynda......