95 ýaşly Klint Istwud täze filmiň üstünde işläp başlady

  • 02.06.2025 13:29
  • 4.8k+

Oskar baýragynyň eýesi, amerikaly režissýor Klint Istwud täze filmiň üstünde işläp başlandygyny habar berdi. Bu barada Reuters habar berýär.

Eastwood Awstriýanyň “Kurier” neşiriniň žurnalistlerine beren interwýusynda "Adamyň ýaşy ulaldygysaýyn öňküdenem gowy bolup bilmezligine sebäp ýok. Bu gün meniň tejribäm has-da köp. Elbetde, belli bir ýaşda elini gowşadýan režissýorlar hem bar, ýöne men olardan däl" – diýip, Istwud Awstriýanyň Kurier neşiri bilen bolan söhbetdeşliginde aýtdy.

Habar beriş serişdeleriniň berýän maglumatyna görä, 95 ýaşly Istwud atsyz filmiň önümçiligine başlamazynyň öň ýanyndaky döwürde. Geçen ýyl ol baş keşplerde  Nikolas Holtyň we Toni Kollettiň oýnamagynda “Oturdaş №2” kazyýet trillerini çykardy. Film tankytçylaryň oňyn synlaryny aldy.
Istwud karýerasynda jemi 40 filme režissýorlyk etdi. Aktýor hökmünde 83 filmde oýnady. Şol bir wagtyň özünde 24 filminde hem režissýor, hem aktýor hökmünde çykyş etdi. Iň meşhur eserleriniň arasynda “Bagyşlanmadyk” (“Непрощённый” (1992)) we “Million dollarlyk gyzjagaz” (“Малышка на миллион” (2004)), ikisi hem iň gowy film we iň oňat režissýorlyk diýen ugurlarda “Oskar” baýragyna eýe boldy.
Şeýle-de, Istwud “Guş” (“Птица”(1988)), “Medison etrabynyň köprüleri” (“Мосты округа Мэдисон” (1995)), “Ganly işi” (“Кровавая работа” (2002)), “Syrly derýa” (“Таинственная река” (2003)), “Çalyşma” (“Подмена” (2008)), “Gran Torino” (2008) we “Mergen” (“Снайпер” (2014)) ýaly filmleri bilen hem tanalýar.


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.5k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......