Jeki Çan haýsy kinolary has gowy görýändigini aýtdy

  • 02.06.2025 13:04
  • 12k+

Meşhur gonkongly aktýor Jeki Çan özüniň gowy görýän filmleri barada aýtdy. Letterboxd neşiri bilen söhbetdeşlikde 71 ýaşly artist özünde uly täsir galdyran dört filmi agzap geçdi.

Çan “Rokki” sport dramasynyň (Рокки, 1976), “Sazyň sesi” nusgawy mýuzikliniň (Звуки музыки, 1965) we “Çokundyran ata” mafiýa dramasynyň (Крёстный отец, 1972) muşdagydygyny aýtdy – bu filmleriň üçüsi-de çykan ýyly iň gowy film hökmünde “Oskar” baýragyny aldy.
“Rokki” Silwestr Stalloneniň adyny dünýä ýaýyp, boks barada iň belli filmleriň birine öwrüldi.
“Sazyň sesi” adybir Brodweý mýuzikliniň ekranlaşdyrmasy bolup, taryhda iň bir durmuşy filmleriň biri hasaplanýar.
Baş keşplerde Marlon Brando we Al Paçino bilen “Çokundyran ata” hem dünýä kinosynyň taryhynda iň beýik filmleriň biri diýlip ykrar edildi.
Şeýle-de, Çan özüniň “Polisiýa hekaýaty” filmini (Полицейская история, 1985) gowy görýän filmleriniň hataryna goşdy. Ol bu filmde baş keşbi ýerine ýetiripdi. Bu komediýa, uruşly film bolup, onda aktýor köp sanly çylşyrymly we örän üýtgeşik hereketleri ýerine ýetirdi. Filmiň üç dowamy, gaýtadan düşürmegiň çäklerinde ýene iki film, şeýle-de bir spin-off çykdy.


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.5k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......