Magtymguly adyndaky TDU-da Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça halkara maslahat geçirildi

  • 01.06.2025 19:36
  • 2k+

29-30-njy maýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde bilimiň, ylmyň we innowasiýa tehnologiýalarynyň orny» atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu barada uniwersitetiň resmi saýtynda habar berilýär.

Halkara ylmy-amaly maslahatda Russiýanyň, Italiýanyň, Türkiýäniň, Hytaýyň, Saud Arabystanynyň, Beýik Britaniýanyň, Belarus Respublikasynyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Bangladeşiň hem-de Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag institutlarynyň 80-den gowragyndan 310-a golaý professor-mugallymlar we alymlar wekilçilik edýän ugurlarynda gazanan üstünlikleri, alyp barýan ylmy-barlag işleriniň netijelerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik aldylar.
Türkmenistanly we daşary ýurtly alymlar, professor-mugallymlar wekilçilik edýän ýokary okuw mekdeplerinde, ylym-bilim merkezlerinde alnyp barylýan ylmy-barlag işler hem-de olaryň önümçilik arabaglanyşygynyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşi üpjün etmekdäki orny barada giňişleýin gürrüň berdiler.
30-njy maýda halkara ylmy-amaly maslahatyň işi «Bio-himiki we nanotehnologiýalary ösdürmegiň hem-de olaryň gazanan üstünliklerini önümçilige ornaşdyrmagyň, daşky gurşawy goramagyň meseleleri. Tebigy ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň häzirki zaman usullary», «Matematikada, fizikada we astronomiýada ylmy barlaglar. Sanly bilim, maglumat ulgamy we kompýuter tehnologiýalary, kiber howpsuzlygy hem-de ykdysadyýetiň pudaklaryna emeli aňyň ornaşdyrylmagy», «Ynsanperwer ylymlary: taryh, sosiologiýa, filosofiýa, psihologiýa we pedagogika, hukuk öwreniş ylymlarynyň häzirki zaman ösüşi» hem-de «Filologiýanyň meseleleri: türkmen we daşary ýurt dillerini, edebiýatyny öwrenmegiň hem-de okatmagyň usullary. Terjimäniň nazaryýeti we amalyýeti» ýaly bölümçelerde dowam etdi.


06.03.2026 17:29
5.3k+

HNGU-nyň talyp gyzy kükürtden boýag serişdesini almagyň tehnologiýasyny işläp düzdi

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Maral Gullyýewa adaty kükürtden boýag serişdelerini almagyň tehnologiýasyny işläp düzdi. Bu oýlap tapyş Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan bellige alyndy...

28.02.2026 13:00
3.5k+

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň barlaghanalary halkara akkreditasiýadan geçiriler

Türkmenistanda «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň synag barlaghanalaryny halkara akkreditasiýadan tapgyrlaýyn geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H...

17.02.2026 13:06
831

Apple mart aýynyň başynda «ýörite» Apple Experience çäresini geçirer

Apple kompaniýasy 2026-njy ýylyň 4-nji martynda ýörite Apple Experience çäresiniň  geçiriljekdigini yglan etdi. Ol Aşgabat wagty bilen sagat 19:00 meýilleşdirildi. 9to5Mac neşiriniň belleýşi ýaly, kompaniýa çäräniň resmi tertibini häzirlikçe açyp görkezmedi...

13.02.2026 23:10
6.8k+

Gury ýerdäki ilkinji ot iýýän jandar: 307 million ýyllyk Tyrannoroter tapyldy

Paleontologlar ösümlikler bilen iýmitlenmegi başaran iň irki oňurgaly jandarlaryň birine degişli 307 million ýyllyk galyndylary ylmy esasda suratlandyrdylar. Bu möhüm gözleg Nature Ecology & Evolution žurnalynda çap edildi...