Buzluklaryň möçberi 50 ýylda 9 trillion tonna azaldy

  • 02.06.2025 08:09
  • 5.2k+

1975-nji ýyldan bäri alnyp barylýan gözegçilikleriň dowamynda, buzluklaryň umumy möçberi 9 trillion tonnadan hem köp azaldy. Bu barada Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň wekili Kler Nullis Ženewada geçirilen metbugat ýygnagynda habar berdi.

«Bütindünýä buzluklara gözegçilik gullugynyň hasaplamalaryna görä, 1975-nji ýylda hasaba alyşlar başlany bäri, buzluklar jemi 9 trillion tonnadan gowrak [buz] ýitirdi. Bu galyňlygy 25 metr, meýdany bolsa Germaniýanyňky ýaly bolan äpet buz bölegine deňdir» — diýip, ol aýtdy.

Nullisiň sözlerine görä, soňky ýyllarda buzluklaryň yza çekilmegi taryhda ilkinji gezek şeýle çalt derejä ýetdi. Şol bir wagtda, ol buzluklaryň we buz örtükleriniň dünýäde bar bolan süýji suwuň, takmynan, 70%-ini saklaýandygyny ýatlatdy.
Bütindünýä meteorologiýa guramasy BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasy bolup, milli meteorologiýa we gidrologiýa gulluklarynyň arasynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek arkaly, adamzat üçin howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmäge hyzmat edýär. Gurama daşky gurşawy gözegçilikde saklamaga, goramaga we bu ugurda syýasatlary işläp düzmäge işjeň gatnaşýar.


14.06.2026 15:16
4.2k+

BSGG: Ýewropanyň yssy howasy dört ýylda 200 müň adamy heläk etdi

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa býurosynyň direktory Hans Klýuge Ýewropada soňky dört ýylda aşa yssy howa zerarly 200 müňden gowrak adamyň heläk bolandygyny mälim etdi. Ol bu ýagdaýlaryň......

04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......

29.05.2026 23:56
6.7k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

26.05.2026 09:58
10k+

Klimatologlar: 2100-nji ýyla çenli dünýä ummany birnäçe uly şäheri suwa gark eder

Singapuryň Nanýang tehnologik uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda halkara alymlar toparynyň geçiren barlaglaryna görä, eger atmosferany hapalaýan parnik gazlarynyň mukdary şu ýokary depgindeligine galsa, 2100-nji......