Ýeriň ilatynyň tas ýarysy bir aýa barabar goşmaça yssy howany başdan geçirdi

  • 01.06.2025 19:18
  • 7.1k+

ABŞ-nyň Nýu-Jersi ştatynda ýerleşýän «Climate Central» garaşsyz ylmy-barlag toparynyň hasabatyna görä, soňky bir ýylyň dowamynda Ýeriň ilatynyň tas ýarysy aşa yssy howalaryň uzaga çekmegi bilen ýüzbe-ýüz bolupdyr.

2024-nji ýylyň maýyndan 2025-nji ýylyň maýyna çenli aralykda, takmynan, 4 milliard adam, ýagny dünýäniň ilatynyň 49 göterimi, azyndan, 30 gün dowam eden adatdan daşary aşa yssy günleri başdan geçiripdir. Bu günlerde temperaturalar şol sebitler üçin 1991-2020-nji ýyllar aralygyndaky kadaly görkezijileriň 90 göteriminden has ýokary bolupdyr. Bu ýagdaý adamlaryň işjeňligi sebäpli howanyň üýtgemegi bilen baglanyşdyrylýar.
Barlagda bellenmegine görä, şol döwürde 67 aşa yssy tolkun ýüze çykypdyr. Olaryň arasynda 2024-nji ýylyň iýulynda Ortaýer deňzinde, 2024-nji ýylyň iýunynda Meksikada we ABŞ-da, 2025-nji ýylyň fewralynda Günorta Sudanda we mart aýynda Merkezi Aziýada bolup geçen yssy howa tolkunlary bar. Alymlar bu hadysalaryň ählisini global maýlama bilen baglanyşdyrýarlar.
Şeýle hem 232 ýurduň 195-sinde yssy günleriň sanynyň öňki ýyllara garanyňda iki esse köpelendigi bellenip geçilýär.
Ýewropanyň howanyň üýtgemegi boýunça «Copernicus» atly gullugynyň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýyl taryhda hasaba alnan iň yssy ýyl bolupdyr. Ilkinji gezek dünýä boýunça ortaça temperatura senagatdan öňki derejeden 1,5 gradus selsiý ýokary çykypdyr. Mundan başga-da, dünýä ummanlarynyň ýüzüniň ortaça ýyllyk temperaturasy rekord dereje bolan 20,87 gradus selsä ýetipdir.


29.05.2026 23:56
6.4k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

26.05.2026 09:58
10k+

Klimatologlar: 2100-nji ýyla çenli dünýä ummany birnäçe uly şäheri suwa gark eder

Singapuryň Nanýang tehnologik uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda halkara alymlar toparynyň geçiren barlaglaryna görä, eger atmosferany hapalaýan parnik gazlarynyň mukdary şu ýokary depgindeligine galsa, 2100-nji......

23.05.2026 23:48
3.6k+

Global maýlamaklyk dünýäniň iň uly derýalarynda kislorodyň derejesini peseltdi

Hytaýyň klimatologlary soňky 40 ýylyň dowamynda Ýeriň iň uly derýalarynda ereýän kislorodyň konsentrasiýasynyň peselendigini habar berdiler. Barlagçylaryň çaklamalaryna görä, howanyň üýtgemegi häzirki......

17.05.2026 23:10
11k+

Hindistan we Pakistan görlüp-eşidilmedik aşa yssy howa şertleri bilen ýüzbe-ýüz boldy

Pakistanda we Hindistanda howanyň temperaturasy +46°C-ä çenli ýetýän we uzak wagtlap dowam edýän aşa yssylyk hasaba alynýar diýip, Zakon.kz neşiri ýazýar....