Režissýor Dewid Linçiň 400-den gowrak şahsy zady auksiona çykarylar

  • 01.06.2025 13:50
  • 3.3k+

Julien’s Auctions auksion öýi Turner Classic Movies bilen bilelikde režissýor Dewid Linçiň 400-den gowrak şahsy zadyny satuwa çykarar diýip, Variety habar berýär.

The David Lynch Collection atly auksion 18-nji iýunda Kaliforniýada onlaýn görnüşde geçiriler. Harytlaryň arasynda “Twin Piks”, “Bozguç kelle”, “Hiç ýere ýol”, “Malholland Draýw”, “Gök mahmal” we “Pil adam” filmleri bilen baglanyşykly predmetler bar.
Auksiona režissýorlyk oturgyjy, ekpresso-maşyn, aýdym-saz gurallary, mebel, studiýa enjamlary we Linçiň beýleki şahsy zatlary çykarylar.

“Bu Linçiň özboluşly çeper garaýşyny, onuň hyjuwyny we sungata goşandyny görkezýän taryhy kolleksiýa” – diýip, auksion öýüniň wekili Ketrin Uilýamson belledi.

Dewid Linç 2025-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda 78 ýaşynda aradan çykdy. Geçen ýylyň tomsunda ol öýken emfizemasyndan ejir çekýändigini habar berdi. Onuň sebäbi dowamly çilim çekmegi boldy.
Aprel aýynda onuň gyzy Jennifer Linç tekstli mazar daşynyň suratyny görkezdi. Daşda Night Blooming Jasmine (“Gijeki gülleýän jasmin”) jümlesi ýazylan. Jennifer Linç onuň manysyny düşündirmedi.


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.5k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......