NASA-nyň öňki inženeri kosmosdan selfi edýän mugt hyzmaty ýola goýdy

  • 31.05.2025 16:17
  • 3.4k+

NASA-nyň öňki inženeri Mark Rober kosmosdan selfi etmäge mümkinçilik berýän mugt hyzmaty ýola goýdy. Surata Sat Gus hemrasynda oturdylan kamera arkaly düşürilýär diýip, CrunchLabs kompaniýasynyň web sahypasynda habar berilýär.

Sputnik 2025-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Kaliforniýanyň Wandenberg kosmos merkezinden SpaceX Falcon 9 raketasy bilen Ýeriň pes orbitasyna uçuryldy. Ol, takmynan, 600 km belentlikde Ýeriň daşyndan aýlanýar.
Sat Gus ady "satellite-iň" gysgaldylan görnüşi bilen Roberiň esaslandyran CrunchLabs laboratoriýasynyň nyşany bolan Gas belka-tumaryň birleşmesidir.
Selfi etmek kyn däl: ulanyjy suratyny ýükleýär, soňra ol hemra birikdirilen ekranda peýda bolýar. Soň kamera planetanyň fonunda ekrany surata alýar. Robert muny suratyň hakykylygyny subut etmek üçin dogry usul diýip atlandyrdy – ekranam onuň yzyndaky Ýer hem görünýär.
Surata düşürmek üçin Redwire Space-iň Argus kamerasy ulanylýar. Ol 3 mm-lik  obýektiw, radiasiýa bilen goralan we durulygy 4000 x 3000 piksel bolan obýektiw bilen enjamlaşdyrylandyr. Ýüzüne yşyk düşmez ýaly, ulgam dürli ekspozisiýadan iki gezek surata düşürýär, soňra bolsa olar bir HDR şekiline birleşdirilýär.
Hyzmat mugt we 13 ýaşdan uly ähli ulanyjylar üçin elýeterlidir. Ýüklenýän suratlar moderizasiýadan geçýär. Keseki adamlaryň, meşhur adamlaryň suratlaryny, gelşiksiz düşülen suratlary, syýasy häsiýetli we öjükdiriji mazmuny we AI tarapyndan döredilen suratlary goýmak gadagan. Selfileri, topar bolup düşülen suratlary we öý haýwanlarynyň suratlaryny goýmaga rugsat edilýär.
Suratlaryň birinji topary tomus aýynyň ortalarynda gaýdyp geler. Olary ýörite baglanyşyk arkaly alyp bolar. Hemrany Satellite Tracker 3D ýaly web sahypalary arkaly yzarlap bolýar.


08.03.2026 09:13
3.7k+

NASA «Artemis II» missiýasynyň çäklerinde Aýa uçjak astronawtlaryň menýusyny açyp görkezdi  

2026-njy ýylyň aprel aýyna meýilleşdirilen Artemis II missiýasynyň astronawtlary Aýyň töweregine uçuş wagtynda adaty Ýerdäki iýmitlere ýakyn bolan tagamlar bilen iýmitlener. Ekipaž üçin niýetlenen önümleriň sanawyny NASA hödürledi...

06.03.2026 11:59
7.7k+

Alymlar wagtyň yza hereket edip biljekdigini öňe sürýärler

Journal of Cosmology and Astroparticle Physics ylmy žurnalynda giňişligiň we wagtyň dürli sebitlerini birleşdirýän matematiki gurluşlar — Eýnşteýn-Rozen köprüleriniň täzeçe düşündirişini hödürleýän barlag çap edildi...

04.03.2026 16:41
6.8k+

Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko altynjy gezek kosmosa uçmaga taýýarlanýar

Ý.A.Gagarin adyndaky Kosmonawtlary taýýarlamak merkezi «Roskosmosyň» kosmonawty, Türkmenistanyň gahrymany Oleg Kononenkonyň «Soýuz MS-31» gämisiniň serkerdesi edilip bellenilendigini habar berdi. Onuň baştutanlygyndaky uçuş HKS-77 (Halkara kosmos stansiýasy) ekspedisiýasynyň çäklerinde amala aşyrylar...

17.02.2026 16:55
2.2k+

Taýkonawtlar orbitada Hytaý Täze ýyly mynasybetli tort bişirdi

Hytaýda millionlarça maşgala Bahar baýramyny öýlerinde belleýän wagty, üç sany taýkonawt Hytaýyň aý senenamasy boýunça Täze ýyly Ýerden, takmynan, 400 kilometr belentlikde garşylaýar diýip, Xinhua agentligi habar berýär...