Space Epoch dessin ýükleri eltiji raketanyň ilkinji böküş synagyny geçirdi

  • 31.05.2025 15:15
  • 1.6k+

29-njy maýda Hytaýyň Space Epoch kompaniýasy YXZ-1 göteriji raketanyň ilkinji böküş synagyny geçirdi. Geçen ýyl ol Alibaba Group bilen gaýtadan ulanylýan raketalary ulanyp, tutuş dünýä boýunça harytlary dessin eltmek barada şertnama baglaşdy.

Synag wagtynda raketa 2,5 kilometr belentlige galdy we şondan soň ummana gondy. Uçuş 125 sekunt dowam etdi.
Raketanyň korpusy poslamaýan polatdan ýasaldy. Ol gaýtadan ulanylýan hereketlendirijiler bilen enjamlaşdyrylandyr.
Ýük bölümi 10 tonna niýetlenendir, göwrümi 120 kub metr, diametri 4,2 metr. Bu diňe bir kiçi göwrümli ýükleri däl, eýsem awtoulaglary hem daşamaga mümkinçilik berýär.


düýn 13:48
2.8k+

Saud Arabystanynda kosmosy öwrenmek üçin daşdan ajaýyp toplum gurlar

Britaniýanyň Heatherwick Studio binagärlik şereketi kosmosy öwrenmek üçin niýetlenen desganyň we syýahatçylyk merkeziniň funksiýalaryny birleşdirjek innowasion toplum bolan AlUla Manara taslamasy bilen......

22.06.2026 14:38
3.6k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......

11.06.2026 23:52
8.7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....