Jeki Çan karate boýunça gara guşagyň eýesi boldy

  • 31.05.2025 11:03
  • 10k+

Gonkongly aktýor Jeki Çan karate boýunça gara guşak aldy. Dabara Nýu-Ýorkda “Karateçi oglanjyk: Ussatlar” (Каратэ-пацан: Легенды) filminiň premýerasy wagtynda geçirildi diýip, Bütindünýä karate federasiýasynyň (WKF) saýtynda habar berildi.

Gara guşagy filmden başga bir aktýor Ralf Makkýo hem aldy. Artistleriň ikisi-de WKF-iň baş sekretary Toşihisa Naguradan gutlag kabul etdi.
Dabara olimpiýaçy we karate boýunça ABŞ-nyň çempiony Tomas Skott gatnaşdy. Guşaklaryň gowşurylmagy WKF-iň “Karateçi oglanjyk” franşizasyny döredijiler bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde geçirildi.  
WKF bu wakanyň karate gymmatlyklaryny – dissiplinany, hormaty, mertebäni, çydamlylygy we jebisligi öňe sürmekde kinonyň ähmiýetini görkezýändigini belledi.
WKF-iň prezidenti Antonio Espinosyň aýtmagyna görä, karateniň gymmatlyklaryny “Karateçi oglanjyk” franşizasyndan has gowy görkezmegi başaranlar az-azdyr.  
“Karateçi oglanjyk: Ussatlar” filmi 8-nji maýda dünýä prokatyna çykdy. Jeki Çan we Ralf Makkýo ýaş gahryman Li Fonga (onuň keşbini Ben Wan ýerine ýetirdi) Nýu-Ýorka öwrenişmäge we karate boýunça ýaryşa gatnaşmaga kömek edýän söweş sungatynyň ussatlarynyň keşplerini ýerine ýetirdi. Filmiň režissýory Jonatan Entuistl boldy, ssenarini Rob Liber ýazdy.


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.5k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......