Skorseze we DiKaprio “Karfagen ýegsan edilmeli” filmine prodýuserlik eder

  • 31.05.2025 11:09
  • 3.1k+

Martin Skorseze bilen Leonardo DiKaprio “Karfagen ýegsan edilmeli” (Карфаген должен быть разрушен) atly täze uruşly filme prodýuserlik eder. Bu barada Deadline neşiri habar berýär.

Film üçin ssenarini “Ouşeniň on bir dosty” (Одиннадцать друзей Оушена) filminiň awtory hökmünde tanalýan Ted Griffin ýazdy.
Sýužet aldaw bilen korrupsiýadan doly şähere düşen nätanyş birine ünsi jemlär. Baş gahryman aňynyň we güýjüniň kömegi bilen bar bolan düzgüne garşy göreşer.
Filmiň önümçiligi bilen Verdi Productions kompaniýasy meşgullanar. Ýerine ýetiriji prodýuser Çad Werdi taslamany “herekete baý” diýip atlandyryp, toparyň ony kinematografda “täze derejä” çykarjakdygyny aýtdy.
Filmi surata düşürmek işleri oktýabra meýilleşdirildi we Rod-Aýlend amerikan ştatynda geçiriler. Aktýorlar düzümi barada maglumat heniz ýok.
Şeýle-de, Skorseze bilen DiKaprionyň ýene bir filmiň üstünde işleýändigi mälim. Bu Merilin Robinsonyň “Öý” romanynyň ekranlaşdyrmasy bolup, häzir önümçilik tapgyryndadyr.


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.5k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......