Apple-iň özbaşdak bejeriş programmasy indi iPad-e hem degişli boldy

  • 30.05.2025 13:13
  • 1.5k+

Apple kompaniýasy Self Service Repair özbaşdak bejeriş programmasyny giňeltdi, indi ol iPad planşetlerini hem öz içine alýar. Mundan beýläk ätiýaçlyk şaýlary we abatlaýyş gurallary dürli modeller, şol sanda esasy wersiýa, mini, Air we Pro modelleri üçin elýeterlidir.

Programma, esasan, Apple-iň häzirki wagtda satýan ýörgünli modellerine degişli. Olaryň arasynda A16 çipli iPad, A17 Pro prosessorly iPad mini we M4 esasly iPad Pro bar. Şeýle-de, sanawa täze däldigine garamazdan, M2 prosessorly iPad Air girdi. M3 çipli has täze wersiýa hem programma gatnaşýar.
Apple heniz şaýlar we gurallar üçin bahalary yglan etmedi. Satuwda ekranlaryň, akkumulýatorlaryň, kameralaryň we zarýad portlarynyň bolmagyna garaşylýar. Deňeşdirmek üçin: iPhone üçin batareýalaryň bahasy $69-$119, displeýler – $129-$379. iPad üçin şaýlar, ähtimal, gymmat bolup biler.
Self Service Repair programmasy 2022-nji ýylda işe girizildi. Ilkibaşda ol diňe iPhone smartfonlaryny öz içine alýardy, soňra oňa Mac, MacBook we Studio Display ýaly käbir modeller hem goşuldy. Şu tomus hyzmat Kanadada elýeterli bolar. ABŞ-da şaýlaryň täze resmi distribýutory MobileSentrix kompaniýasy bolar. Ol üçünji tarap kompaniýalara ussahanalar üçin Apple-iň hakyky ätiýaçlyk şaýlaryny hödürlemäge mümkinçilik berýän täze Genuine Parts Distributor programmasynyň çäklerinde işlär.


düýn 16:33
1.9k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.1k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.1k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...