Starship-iň 9-njy synag uçuşy ýene şowsuz tamamlandy: tizleşdiriji ýaryldy, gämi ýandy

  • 28.05.2025 13:37
  • 5.7k+

SpaceX kompaniýasynyň Starship agyr raketasynyň dokuzynjy synag uçuşy şowsuz tamamlandy. Raketa ABŞ-nyň gündogar wagty bilen 19:36-da (Aşgabat wagty bilen 04:36) Tehasdaky Starbase kosmodromyndan uçuryldy.  

Uçuş birnäçe minut gijikdirildi, ýöne bu adaty ýagdaý hasaplanýar.
Uçuşdan soň, raketanyň birinji basgançagy – Super Heavy tizleşdirijisi bolmalysy ýaly ikinji basgançakdan aýryldy. Soňra ol aşak düşüp başlady we howada ýaryldy. SpaceX ony yzyna gaýtarmagy meýilleşdirmändi, ýöne onuň ýarylmagy barybir mesele döretdi.
Starship gämisi uçuşy dowam etdirip, 26 493 km/sag tizlige ýetdi we hereketlendirijilerini öçürdi. Bortda on sany Starlink hemrasynyň maketleri bardy, ýöne olar kosmosa goýberilmedi. Tiz wagtdan Starship çalt, ýagny sekuntda 10 aýlawa çenli aýlanyp başlady, bu hem ony mundan beýläk dolandyrmaga mümkinçilik bermedi. Netijede, kosmos gämisi aşak düşüp, dargap başlady. Onuň bilen aragatnaşyk ýitdi.
Bu Starship-iň yzygider üçünji şowsuzlygy boldy. Ýöne ýedinji we sekizinji synag uçuşlaryndan tapawutlylykda, bu gezek kompaniýa iki basgançagyny-da ýitirdi. Aslynda, olar köp gezek ulanmak üçin niýetlenipdi. 


02.06.2026 12:47
5.8k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

29.05.2026 23:01
4.9k+

Blue Origin-iň «New Glenn» raketasynyň synagy güýçli partlama bilen tamamlandy

Blue Origin kompaniýasynyň agyr klasly «New Glenn» raketa göterijisi Floridadaky Kanaweral burnunda ýerleşýän 36-njy uçuş toplumynda geçirilen synag mahalynda partlady....

28.05.2026 17:31
2.8k+

Perseverance roweri Marsda «marafon» aralygyna golaýlady we selfi düşdi

NASA-nyň Perseverance mars roweri Ýezero krateriniň günbatar bölegindäki Lac de Charmes diýlip atlandyrylýan sebitde, gadymy Mars peýzažynyň öňünde täze selfi düşürdi. Bu surat 2026-njy ýylyň 11-nji martynda......