Türkmenistanyň Futbol federasiýasy Kataryň Futbol Assosiasiýasy bilen hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglanyşdy

  • 28.05.2025 13:26
  • 7.4k+

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy Kataryň Futbol Assosiasiýasy bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen şertnama gol çekdi. Gol çekişmek dabarasy 26-njy maýda Doha şäherindäki Al Bidda binasynda ýerleşýän Katar Futbol Assosiasiýasynyň merkezi edarasynda geçirildi.

Kataryň Futbol Assosiasiýasynyň adyndan resminama guramanyň prezidenti Jassim bin Raşid Al Buenaýn, türkmen tarapynyň adyndan bolsa Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň başlygy Guwançmuhammet Öwekow gol çekdi.
Dabara iki federasiýanyň Baş sekretarlary: Mansur Al-Ansari (Katar) we Serdar Geldiýew (Türkmenistan) hem gatnaşdylar.

"Bu şertnama gol çekilmegi TFF-niň Kataryň Futbol Assosiasiýasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek we Aziýa ýurtlarynyň dostlary bilen gatnaşyklary berkitmek strategiýasyndaky ýene bir möhüm ädim boldy" diýlip, TFF-niň saýtynda aýdylýar.


şu gün 10:24
733

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
1.2k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
4.9k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......